Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Köçe sungaty: çukurlara syýasatçylaryň karikaturasy çekildi


Ýekaterinburg şäheriniň häkimi Ýewgeniý Porunow üçin çekilen karikatura, 23-nji iýul.
Ýekaterinburg şäheriniň häkimi Ýewgeniý Porunow üçin çekilen karikatura, 23-nji iýul.
Orsýetiň Ýekaterinburg şäheriniň aktiwistleri köçelerde emele gelýän çukurlar bilen bagly problema resmileriň ünsüni çekmek üçin täze usuly oýlap tapdylar. Olar “Resmileri işlär ýaly et” atly proýektiň çäginde aýyň 23-den 24-ne geçýän gijede köçelerdäki çukurlaryň töweregine ýokary derejeli resmileriň karikaturalaryny çekdiler.

Ýekaterinburgyň şäher dolandyryjysy Aleksandr Ýakob, bu şäheriň häkimi Ýewgeniý Porunow hem-de Swerdlowsk welaýatynyň häkimi Ýewgeniý Kuýwa dagyny utandyrjak bolup edilen bu çäre netije berene meňzeýär.

Bu karikaturalaryň suratlary Twitter, Vkontakte we LiveJournal sosial ulgamlarynda ýyldyrym çaltlygynda ýaýrady.

Ýekaterinburg şäheriniň häkimi ilkibaşda bu karikaturalary “rugsatsyz çekilen, ýerliksiz, şäheri hapalaýan suratlar” diýip atlandyrdy. Ýöne 24-nji iýulda günortan ýollarda abatlaýyş işlerini geçirýän gullugyň işçileri karikaturalary pozup, çukurlary dolduryp başladylar.

Ýekaterinburgyň şäher dolandyryjysy Aleksandr Ýakob üçin çekilen karikatura, 23-nji iýul.
Ýekaterinburgyň şäher dolandyryjysy Aleksandr Ýakob üçin çekilen karikatura, 23-nji iýul.
Swerdlowsk welaýatynyň häkimi Ýewgeniý Kuýwa üçin çekilen karikatura, 23-nji iýul.
Swerdlowsk welaýatynyň häkimi Ýewgeniý Kuýwa üçin çekilen karikatura, 23-nji iýul.
Ýollarda abatlaýyş işlerini geçirýän gullugyň işgärleri Swerdlowsk welaýatynyň häkimi Ýewgeniý Kuýwa üçin çekilen karikaturany pozýarlar, 23-nji iýul.
Ýollarda abatlaýyş işlerini geçirýän gullugyň işgärleri Swerdlowsk welaýatynyň häkimi Ýewgeniý Kuýwa üçin çekilen karikaturany pozýarlar, 23-nji iýul.
XS
SM
MD
LG