Sepleriň elýeterliligi

Gazagystan: öň 15 adamy öldürendigini boýun alan esger indi aýyplamalary ret edýär


Gazagystanyň baş harby prokuraturasy serhetçi Wladislaw Çelahyň 14 sany serhetçini we tokaý sakçysyny öldürendigini öň boýun alyp, indi ret edýändigini tassyklady.

Çelahyň aklawçysy Tolegen Berlikožanow 25-nji iýulda müşderisiniň özüne garşy ýuklenýän aýyplamalary ret edýändigini aýtdy.

Hepdäniň duşenbe güni Wladislaw Çelah ruhy barlagdan geçdi. Ýöne olaryň netijeleri entek köpçülige ýetirilmedi.

Gazak resmileri geçen aýda Çelahyň öz gullukdaşlaryny öldürendigini boýun alandygyny aýdypdylar.

Maý aýynyň ahyrynda gazak-hytaý serhet ýakasynda 15 adam öli tapylypdy.

Serhet posty bolsa, ýangyn zerarly weýran edilipdi. Şol postda gulluk eden Wladislaw Çelak bolsa, soňra diri tapylypdy.

Onuň dogan-garyndaşlary Çelahyň günäsizdigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG