Sepleriň elýeterliligi

Şwed sudy özbek ruhanysyna garşy hüjümde aýyplananlary günäsiz tapdy


Şwesiýanyň Ostersund şäheriniň sudunda özbek ruhanysyna garşy hüjüm etmäge ýardam bermekde aýyplanýan är-aýal günäsiz diýlip tapyldy.

Suduň çykaran bu kararyndan prokurorlaryň şikaýat edip-etmejegi entek näbelli.

Ymam Obidhon Kori Nazarowa şu ýylyň 22-nji fewralynda, Şwesiýanyň Stromsund şäherinde azyndan üç gezek ok atylansoň, ol keselhana ýerleşdirilipdi.

Ol 2006-njy ýylda Şwesiýada gaçybatalga alansoň, bu ýurtda ýaşaýar.

Nazarow Özbegistanyň prezidenti Islam Karimowyň režiminiň belli opponentleriniň biri hasaplanýar.

Geçen hepdede bu iş boýunça geçirilen sud seljerişinde şwed prokurory Krister Petersson bu hüjümde Özbegistanyň gulluklarynyň dahylynyň bolmagynyň mümkindigini öňe sürdi.
XS
SM
MD
LG