Sepleriň elýeterliligi

Meksikada kömür känindäki partlamada azyndan ýedi adam heläk boldy


Meksikanyň demirgazygynda ýerleşýän kömür käninde 25-nji iýulda ýüze çykan partlamada azyndan 7 adamyň heläk bolandygy habar berildi.

Ýerli polisiýanyň işgäri Fransisko Martine hemme alamatlaryň partlama kände ýygnanan gazyň sebäp bolandygyna şaýatlyk edýändigini aýtdy.

Bu kän Meksikanyň Koauila ştatynda ýerleşýär.

Soňky ýyllaryň dowamynda bu regiondaky känlerde adam pidasyna getiren birnäçe partlama ýüze çykypdy.

2007-nji ýylda “Pasta De Konços” käninde bolan partlamada 65 adam heläk boldy.
XS
SM
MD
LG