Sepleriň elýeterliligi

Olimpiýa 2012 baýdak dawasyndan başlandy


Demirgazyk Koreýanyň komandasy çykyş öz ýurdunyň baýdagynyň görkezilmeginde gaýtadan yglan edilensoň, oýna başlamaga razylyk bildirdiler, 25-nji iýul.

Demirgazyk Koreýanyň komandasy çykyş öz ýurdunyň baýdagynyň görkezilmeginde gaýtadan yglan edilensoň, oýna başlamaga razylyk bildirdiler, 25-nji iýul.

Londondaky Olimpiýa oýunlarynyň ilkinji güni diplomatik dawa ýüze çykdy. Demirgazyk Koreýanyň aýal futbolçylarynyň Kolumbiýa bilen oýnunyň öňünde komandanyň çykyşy yglan edilende, Demirgazyk Koreýanyň baýdagyna derek Günorta Koreýanyň baýdagy görkezildi.

Bu ýalňyşlyk futbol ýaryşynyň 40 minut yza tesdirilmegine getirdi. 25-nji iýulda bolan bu oýun Demirgazyk Koreýanyň fulbol komandasynyň peýdasyna 2:0 hasap bilen tamamlandy.

Baýdakly dawa

Demirgazyk Koreýanyň komandasy öz oýunçylarynyň wideoýazygysy Günorta Koreýanyň baýdagy bilen bilelikde görkezilensoň, oýun meýdançasyny terk etdiler we çykyş öz ýurdunyň baýdagynyň görkezilmeginde gaýtadan yglan edilensoň, oýna başlamaga razylyk bildirdiler.

Oýunlaryň guramaçylary Demirgazyk Koreýanyň resmilerinden ötünç soradylar we munuň “hakyky ýalňyşlyk” bolanlygyny aýtdylar.

Demirgazyk we Günorta Koreýalar 1950-53-nji ýyllarda bolan we wagtlaýyn ýaraşyk bilen tamamlanan konfliktlerden bäri urşa taýýar ýagdaýda galýarlar.

Hepdäniň çarşenbe güni geçirilen beýleki futbol ýaryşlarynda Beýik Britanýanyň, ABŞ-nyň, Ýaponiýanyň, Braziliýanyň we Şweýsariýanyň aýallar komandalary Täze Zellandiýanyň, Fransiýanyň, Kanadanyň, Kamerunyň we Günorta Afrikanyň komandalaryny utdular.

“Gelşiksiz degişme”

Böküji sportsmen Woula Papahristou Twitterde jynsparaz diýip hasaplanan kommentarini ýazanlygy sebäpli Gresiýanyň Olimpiýa toparyndan çykaryldy.

Hepdäniň çarşenbe güni Gresiýanyň Olimpiýa komiteti Papahristouyň afrikaly immigrantlary ýaňsylaýjy we ultra-sagçy partiýa goldaw beriji mazmunly beýannamasynyň Olimpiadanyň ruhuna ters gelýänligini aýtdy.

Papahristou onuň öz sözi bilen aýdylanda “ýakymsyz we gelşiksiz” degişmesi üçin ötünç sorady.

Papahristou 22-nji iýulda ýazan kommentarilerinde “Günbatar Nil” wirusyny we Gresiýada ýaşaýan afrikalylary agzapdy. Ol şeýle-de Gresiýanyň “Altyn säher” atly ultra-sagçy partiýasyna degişli syýasatçynyň ýurduň premýer-ministriniň immigrasiýa boýunça pozisiýasyny tankyt ediji beýannamasyny gaýtadan çap edipdi.

Erkekleriň arasyndaky futbol ýaryşy 26-njy iýulda başlanýar. Şeýle-de Meksika Günorta Koreýa, Ispaniýa Ýaponiýa, Birleşen Arap Emirlikleri Urugwaý, Gabon Şweýsariýa, Belarus Täze Zelandiýa, Braziliýa Müsür, Beýik Britaniýa bolsa Senegal bilen oýnarlar.

Londondaky Olimpiýa oýunlarynyň resmi açylyş dabarasy anna güni 27-nji iýulda geçiriler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG