Sepleriň elýeterliligi

Ban Ki-mun Srebrenisada gyrgyn pidalarynyň hormatyna gül goýdy


BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun, bu guramanyň ýolbaşçylaryndan ilkinji bolup, köpçýlikleýin gyrgynçylyk bolan Srebrenisa bardy.

Ol Srebrenisanyň golaýyndaky Potokari gonamçylygynda gyrgynçylygyň pidalarynyň mazaryna gül goýdy.

Ban Ki-mun 1995-nji ýylda öldürilen 8 mün musulman erkeginiň atlary ýazylan diwara hem zyýarat etdi.

Bu Ikinji Jahan urşyndan soň Ýewropada ýüze çykan iň aýylganç gyrgyn hasaplanýar.

1995-nji ýylda bosniýaly serbler, regionda BMG-niň parahatçylyk güýçleriniň bolmagyna garamazdan, şeýle gyrgynçylygy amala aşyrypdylar.

Şonda serb goşunlary öňe hereket edende, parahatçylyk güýçleriniň goragy netije bermändi.

ban Ki-mun hepdäniň çarşenbe güni bosniýaly deputatlaryň öňünde eden çykyşynda şol krisiz döwründe BMG-niň öz borçlaryny ýerine ýetirip bilmändigini aýtdy.

Ban Ki-mun Bosniýa-Gersegowina sapary bilen öňki Ýugoslawiýa respublikalaryna edýän saparyny tamamlaýar.
XS
SM
MD
LG