Sepleriň elýeterliligi

Siriýaly diplomatlar režimden ýüz öwürýärler


Siriýanyň Aleppo şäherinde, 24-nji iýul.

Siriýanyň Aleppo şäherinde, 24-nji iýul.

Siriýanyň Aleppo (Halap) şäherinde hökümetiň güýçleri bilen gozgalaňçylaryň arasynda çaknyşyklar dowam edýärkä, ABŞ ýene iki sany siriýaly diplomatyň ýurtdan gaçyp çykanlygyny tassyklady.

Habar berlişine görä, Siriýanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki ilçisi Abdel Latiw al-Dabbagh öz aýaly, Siriýanyň Kiprdäki işleri ynanylan wekili Lamiýa Hariri bilen Katara gaçypdyr.

Frans Press habar agentligi (AFP) Ak Tamyň resmi wekili Jaý Karneýiň 25-nji iýulda eden çykyşyna salgylanyp, Siriýanyň ýokary derejeli resmileriniň prezident Başar al-Assadyň günleriniň sanalgydygyna göz ýetirip, öz hökümetini terk edendiklerini habar berdi.

Siriýanyň Omandaky ilçihanasynyň harby attaşe wekili Mohammed Tahseen al-Fakir öz ýurdundan gaçanlygyny Al-Jazeera telekanalyna aýtdy.

Şu aýyň başynda Siriýanyň Yrakdaky ilçisi Nawaf Fares hem Katara gaçypdy.

21-nji iýuldan bäri hökümet güýçleri bilen gozgalaňçylaryň arasynda söweşleriň gidýän ýeri bolan we Siriýanyň ululygy boýunça ikinji şäheri hem söwda merkezi hasaplanýan Aleppo şäherine goşmaça harby güýçleriň iberilenligi aýdyldy.

Siriýaly gozgalaňçylar Aleppo şäherinde, 24-nji iýul.

Siriýaly gozgalaňçylar Aleppo şäherinde, 24-nji iýul.

Habar berlşine görä, şäheriň garşylyk görkezýän bölekleri artilleriýanyň, minomýotlaryň we dikuçarlaryň okuna tutulypdyr.

Bu söweşler Türkiýäniň bildirýän aladalanmalaryny güýçlendirdi. Ankara Siriýa bilen serhediniň gözegçiligini güýçlendirýänligini yglan etdi, emma bosgunlar üçin öz serhedini açyk galdyrýanlygyny aýtdy.

Türkiýäniň daşary işler ministri Ahmet Dawutoglu Ankaranyň “Siriýanyň zuluma sezewar edilýän halky bilen bile bolmagyny dowam etdirjegini” aýtdy.

BMG-niň pozisiýasy

Şol bir wagtyň özünde-de BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun dünýäni “gyrgynçylygy bes etmek üçin herekete geçmäge” çagyrdy. Emma Howpsuzlyk Geňeşiniň agzalary birek-biregi aýyplap çykyş etdiler.

Germaniýanyň BMG-däki ilçisi Piter Wittig Howpsuzlyk Geňeşiniň hereket etmekden boýun gaçyrýanlygy sebäpli, Siriýanyň halkynyň ejir çekýänligini belledi. Wittig “Assadyň häkimiýetiniň öz halkyna garşy agyr ýaraglary ulanmak bilen çäklenmän” himiki we biologik ýaraglary ulanmak haýbatyny atyp, özlerini “rehimsiz we adamkärçiliksiz” alyp barýandyklaryny belledi.

Orsýetiň BMG-däki ilçisi Witaliý Çurkin käbir ýurtlaryň Siriýanyň oppozisiýasyny goldamak üçin ädýän ädimleriniň “gapma-garşylygyň güýçlenmegine getirýänligini” aýtdy.

Damask himiki ýaragy gozgalaňçylara garşy ulanmajagyny, emma ony daşardan goşulyşan islendik güýje garşy ulanyp biljegini duýdurdy.

Orsýet himiki ýaragy ulanmak haýbatyny atmagyň ýolberilmesizdigini Siriýanyň hökümetine duýdurdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG