Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Olimpiýa oýunlary: Özbegistandaky hyýal ABŞ-da hakykata öwrülýär


 Warwara Lepçenko Parižiň 'Roland Garros" stadionynda çehiýaly Petra Kwitowa bilen ýaryşýar. 4-nji iýun, 2012.
Warwara Lepçenko Parižiň 'Roland Garros" stadionynda çehiýaly Petra Kwitowa bilen ýaryşýar. 4-nji iýun, 2012.
Iýun aýynyň ahyry professional tennis ýaryşlary üçin iň möhüm pursatlardan biridir. Britaniýanyň Wimbledondaky tennis meýdançasynda geçirilýän şol bäsleşikler sportyň iň abraýly ýaryşy diýlip hasaplanýar.

Bu ýaryşa gatnaşmak üçin Wimbledona barýanlardan birem 26 ýaşly Warwara Lepçenko. Ol mundan sanlyja hepde öň geçirilen “French Open” çempionatynda öňki dünýä çempionyny, serbiýaly Ýelena Ýankowiçi ýeňmegi başardy.

Lepçenko Wembledondaky ýaryşlaryň 1-nji tapgyryna taýýarlanýan wagty onuň adynyň Birleşen Ştatlaryň Olimpiýa komandasyna girizilendigi belli boldy.

Olimpiýa ýaryşlary başlandy. Tennis oýunlary boýunça bäsleşikler bolsa, Wimbledonda geçiriler.

Londondaky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak bilen, Lepçenko dogduk mekany Özbegistanda eden arzuwyna watanyndan has uzakda ýeter.

"Men bu barada henizem oýlanýaryn, sebäbi oňa henizem öwrenişip bilemok. Biziň hemmämiz şol ýere baryp, açylyş dabarasyna gatnaşsak, munuň ahyry şeýledigine göz ýetireris” diýip, pikir edýäris.

“Meniň pikirimçe, bu has irräk, ýagny uçara münüp, Heathrow aeroportuna gelip gonan wagyň bolup geçer. Men ol ýerde ähli ýazgylary we adamlary, komandalary görenimde, bu pursatyň gelip ýetenine düşünerin" diýip, Lepçenko aýtdy.

Daşkentli gyzyň hupbatly ýoly

Lepçenko 1986-njy ýylda, öňki Sowet Soýuzynyň bir şäherinde, şu günki garaşsyz Özbegistan döwletiniň paýtagty Daşkentde dünýä indi. Kakasynyň tennise bolan söýgüsi onuň ýedi ýaşynda tennis oýnap başlamagyna getirdi.

Warwara uzaga goýman öz ukyp-başarnyny görkezip başlady, emma onuň hakyky talantyny subut etmegi ýeňil bolmady.

"Praktika ukyply bolmak, dünýä ýaryşlaryna gatnaşmak we öz talantyňy ösdürmek – men bu zatlary etmek üçin güýç gaýgyrmaýardym. Şol wagt özbegistanlylaryň ortaça aýlyk girdejisi 20 ýa-da 30 dollara barabardy. Başga tarapdan, biz özümiziň sport federasiýamyzdan hiç hili kömek alyp bilmedik. Bize hiç hili kömek ýokdy" diýip, Lepçenko aýtdy.

Lepçenkonyň aýtmagyna görä, maşgalasynyň ukrain we ors asylly bolmagy olaryň Merkezi Aziýa ýurdundaky durmuşynyň kynlaşmagyna sebäp bolupdyr.

Olar 2001-nji ýylda, 15 ýaşyndaky Warwara, kakasy we gyz dogany, kiçiräk bir ýaryşa gatnaşmak üçin, Florida uçýarlar. Olar şondan soň gaýdyp yza dolanmaýarlar.

Olar Birleşen Ştatlaryň raýatlygyny almak üçin syýasy başpena sorap, ahyrynda ABŞ-nyň raýaty bolýarlar.

"Özbegistan gaty bir demokratik ýurt däl, ol ýerde köp zatlar, ýagny terrorçylykly hüjümler ýaly wakalar bolup geçýärdi. Adwokatymyz bize başpena soramagymyzy maslahat berdi. Şol wagt bu ABŞ-da galmagyň iň gowy usulydy" diýip, Lepçenko aýtdy.

Ýöne, eli ýukalyk we iňlisçe gowy bilmezlik bilen, Amerika öwrenişmek o diýen aňsat bolmandyr. Warwara we onuň tälimçisi bolan bolan kakasy, ýurduň dürli künjeklerindäki bäsleşiklerde gazanan ujypsyzja pul baýraklary bilen, köp gijelerini öz ýük maşynlarynyň üstünde geçirýärler.

Warwara bu zatlary Özbegistandaky ejesinden uzakda başdan geçirmeli bolýar. Onuň ejesi maşgalasyna diňe soň, birnäçe ýyl geçirip goşulýar.

Yza nazar salsaň...

Ol şu wagt yzyna seredip, Özbegistanda hem-de daşary ýurda ilki gelen ýyllarynda başdan geçiren kynçylyklarynyň özüni hem oýun meýdançasynda, hem beýleki zatlarda has güýçli bolmaga iterendigi barada pikir edýär.

Şu wagt, görnüşinden, Lepçenkonyň men diýen wagty. On ýyl gowrak Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ýaşandan soň, ol geçen güýzde amerikan raýatlygyny aldy.

Bu Milli Olimpiýa komandasyna saýlanmak üçin gowy mümkinçilikdi. Ol bu ýaz, Londona gitmek umydy bilen, öňküsinden hem köp işledi we gündelik ýedi sagatlyk türgenleşik öz netijesini berdi.

Indi ol Olimpiýa ýaryşlaryna gatnaşýan tennisçileriň sanawynda, öz derejesi boýunça, 44-nji orny eýeleýär we onuň ady Olimpiýa oýunlaryndaky kärdeşleriniň, Birleşen Ştatlaryň tennis ýyldyzlary Serena we Wenus Williamlaryň atlarynyň ýanynda agzalýar.

"Çagalykda telewizorda Olimpiýa oýunlaryna tomaşa edip: “Menem bir gün şol ýerlere baryp bilsedim. Menem bir gün şol derejelere ýetsedim” diýip, öz ýanymdan göwün ýüwürderdim. Bu arzuwyň hasyl bolmagy bolýar” diýip, Lepçenko aýtdy.

Lepçenkonyň medal utmagyna garaşylanok, ýöne bu onuň buýsanjyny peselderden asgyn görünýär. Ol özüniň Olimpiýa oýunlarynda haýsy baýdagyň astynda oýnaýandygy bilen bagly "hiç hili garyşyk duýgusynyň” ýokdugyny aýdýar.

Warwara garry ene-atasynyň özüne Özbegistanda telewizordan tomaşa etjeklerini hem sözüne goşdy.
XS
SM
MD
LG