Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bişkekdäki medeniýet festiwalynda türkmen sergisi


Merkezi Aziýanyň medeniýetine we sungatyna bagyşlanan "Oimo" atly festiwalda türkmen sergisi, Bişkek, 26-njy iýul.
Merkezi Aziýanyň medeniýetine we sungatyna bagyşlanan "Oimo" atly festiwalda türkmen sergisi, Bişkek, 26-njy iýul.
Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde Merkezi Aziýanyň medeniýetine we sungatyna bagyşlanan "Oimo" atly iki günlük festiwal penşenbe güni öz işini jemleýär. Oňa gatnaşanlaryň arasynda Türkiýe we Owganystan bilen bir hatarda Merkezi Aziýadaky ähli ýurtlaryň, şol sanda Türkmenistanyň sungat wekilleri hem bar.

Bu agzalýan halkara festiwalyň ýedinjisi bolup, onuň guramaçylarynyň aýtmagyna görä, bu çäre sergä gatnaşýan ýurtlaryň arasynda halk döredijiligini, halkara dialogy, turizmi hem-de halklaryň sungat hünärini ösdürmegi maksat edinýär.

Festiwalda Türkmenistanyň adyndan çykyş eden Oksana Söýünmämmedowa Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde bu barada şeýle diýdi: "Biz bu festiwala ilkinji gezek gatnaşýarys. Men bu sergide "Ensi" studiosynyň döredijiligini görkezýärin. Festiwal barada köp eşidipdik we oňa gatnaşmagy örän arzuw edýärdik. Ahyrynda gatnaşmaga mümkinçilik döredi. Festiwalyň ýolbaşçylary bize çakylyk iberdiler we biz bu ýere özbaşdak geldik".

Oksana sergide halk köpçüligine hödürlemek üçin türkmen ýaglyklaryny, donlaryny, köýneklerini we ençeme başga sungat eserlerini getiripdir. Olaryň arasynda türkmen silkme telpegi alyjylaryň ünsüni has köp özüne çeken zatlardan biri boldy.

"Men telewizorda türkmen aksakgallarynyň bu telpegi geýýänlerini görüpdim. Sergi-de bu telpegiň satylýanyny görüp, gaty begendim. Eger beýle gymmat bolmadyk bolsa, onda satyn alardym" diýip, gyrgyzstanly Kanat aýtdy.

Merkezi Aziýanyň medeniýetine we sungatyna bagyşlanan "Oimo" atly festiwalda türkmen sergisi, Bişkek, 26-njy iýul.
Merkezi Aziýanyň medeniýetine we sungatyna bagyşlanan "Oimo" atly festiwalda türkmen sergisi, Bişkek, 26-njy iýul.
Oksananyň Türkmen tekçesinde halka hödürlenýän köýnekdir telpekleriniň bahalary 70 dollardan, ýaglyklar 25 dollardan, ele we boýna dakylýan alajalar 2 we 4 dollardan, donlaryň bahasy bolsa 145 dollardan.

Gyrgyzystanly Kanatdan tapawutlylykda, harytlaryň bahasynyň gymmat bolmagyna garamazdan, Oksananyň aýtmagyna görä, alyjylar onuň satýan zatlary bilen örän gyzyklanýarlar.

"Esasanda şu gün örän köp zat satdym. Bu, elbetde, gowy. Eden çykdajylarymy entek gazanmadym, ýöne sergi häli dowam eder şonuň üçin umyt bar" diýip, Oksana Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Türkmenistan şunuň ýaly halkara sergilere, umuman aýdylanda, örän seýrek gatnaşýar, emma şu ýyl ýedinjisi geçirilen bu festiwala Aşgabadyň ilkinji gezek gatnaşmagy festiwalyň guramaçylaryny hem diýseň begendiripdir.

"Bu sergi, esasan-da, Merkezi Aziýanyň ýurtlary üçin gurnalýar, şonuň üçin Türkmenistan oňa hökmany suratda gatnaşmaly. Men Türkmenistan hem bu çärede özüniň mynasyp ornuny tapar diýip arzuw edýärin. Sebäbi diýende biziň medeniýetimiz, sungatymyz we däp-dessurlarymyz örän meňzeş" diýip, çäräniň jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk bölüminiň ýolbaşçysy Jeňişgül Äzbekowa aýtdy.

Bu çäräniň çäginde, diňe el we sungat eserleriniň sergileri bilen çäklenmen, çarşenbe güni giçlik Merkezi Aziýadan çagyrylan aýdym-saz toparlary hem çykyş etdiler. Yöne konsertde çykyş eden toparlaryň arasynda Türkmenistandan geleni ýokdy.

Bişkekden soňra bu festiwal 27-nji iýuldan 5-nji awgusta çenli Gyrgyzystanyň turizm merkezi diýlip hasaplanýan Yssyk-Kölde dowam eder. Ýeri gelende ýatladyp geçsek, bu festiwal her ýyl Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde geçirilýär.
XS
SM
MD
LG