Sepleriň elýeterliligi

MTS Türkmenistandaky işini gaýtadan ýola goýandygyny mälim etdi


Orsýetiň MTS kompaniyasy 26-njy iýulda ýaýradan metbugat beýanatynda özlerine Türkmenistanda işlemek üçin lisenziýa berlendigini habar berdi.

Bu beýanatda “MTS-Türkmenistan” hojalyk jemgyýeti bilen Türkmenistanyň döwlet kärhanasy bolan “TürkmenTelekomyň" arasynda 5 ýyllyk ylalaşyga gol çekilendigi, belli bir şertleriň ýerine ýetirilmegi bilen bu ylalaşygyň ýene 5 ýyla çenli uzadylyp bilinjekdigi aýdylýar.

Bu ylalaşykda Türkmenistanda maliýe hasaplaşygynyň alnyp barlyşyna görä, “MTS-Türkmenistanyň" “TürkmenTelekoma” her aýda arassa girdejisinden 30% serişde geçirmegi göz öňünde tutulýar.

MTS-iň 2010-njy ýylda ýatyrylan lisenziýasynyň GSM we 3G hyzmatlaryny ilata hödürlemek üçin 3 ýyl möhlet bilen berlendigi aýdylýar.

Kompaniýanyň Türkmenistanda işlän döwri döreden infrastrukturasynyň öz işini dessine ýola goýup, ozal bolşy ýaly, 2.4 million abonente hyzmat etmäge taýýardygy aýdylýar.

"Reuters" habar gullugynyň beren maglumatynda MTS-iň Türkmenistandaky lisenziýasynyň togtadylmagy bilen bagly iki tarapyň kanuny şikaýatlarynyň ýatyrylýandygy habar berilýär.

2010-njy ýylyň dekabrynda MTS mobil operatorynyň lisenziýasynyň möhleti uzaldylmansoň, ol Türkmenistandaky işlerini bes etmäge mejbur bolupdy.
XS
SM
MD
LG