Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen telewideniýesi Olimpiýa oýunlaryny göni efirde görkezer


30-njy Olimpiýa oýunlary Londonda iýul aýynyň 27-den awgust aýynyň 12-si aralygynda geçiriler.
30-njy Olimpiýa oýunlary Londonda iýul aýynyň 27-den awgust aýynyň 12-si aralygynda geçiriler.
Anna güni Londonda 30-njy Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy geçiriler. Her bir türkmenistanlynyň Türkmen telewideniýesinde bu dabara hem-de bu sport forumynyň çäginde geçiriljek sport ýaryşlaryna giňişleýin görnüşinde tomaşa etmäge mümkinçiligi bolar. “Türkmenistan sport” telekanaly bu barada ýörite bildiriş berdi.

Bu translýasiýalaryň köpsanly sport söýüjileriň islegleri boýunça amala aşyrylýandygy barada bildirişde aýdylýar.

“Türkmenistan sport” telekanalynda görkezilmeli Olimpiýa oýunlarynyň translýasiýalary Türkmen telewideniýesinde göni efirde görkezilen ýokary derejedäki geçirilýän halkara bäsleşikleriň translýasiýasynyň ikinjisidir. Mundan öň şu ýylyň iýun aýynda Polşada we Ukrainada geçirilen futbol boýunça Ýewropanyň çempionatynyň oýunlary göni efirde görkezilipdi.

Ýewro-2012 futbol çempionatyndan tapawutlylykda Olimpiýa oýunlaryna tomaşa etjek türkmenistanlylaryň az boljakdygyny aşgabatly sportsmen 32 ýaşly Annaguly aýdýar. Onuň pikiriçe, ýurtda futbol oýnuna janköýerlik edýänler has köp.

“Beýleki sport görnüşlerine janköýerlik edýän adamlar az. Biziň sportsmenlerimiziň bu olimpiýa oýunlaryna gatnaşýandyklaryna garamazdan, olary tanaýan adam az” diýip, Annaguly aýdýar.

London şäherinde geçirilýän Olimpiýa oýunlaryna Türkmenistandan 10 sportsmen gatnaşar. Olar sportuň bäş görnüşi: ýeňil atletika, agyr atletika, boks, göreş we suwda ýüzmek boýunça ýaryşlara gatnaşarlar. Emma Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak bu türkmen sportsmenlerini yurduň içinde diňe sport bilermenleriniň tanaýandygyny aşgabatly sportsmen Annaguly aýdýar.

“Bizde daşary ýurtlardaky ýaly “sport ýyldyzy” diýen ýaly ýagdaý ýok. Hatda sportuň käbir görnüşleri boýunça dünýä çempiony bolan sportsmenlerimizi hem adamlar tananok” diýip, Annaguly aýdýar.

Olimpiýa oýunlarynyň öňüsyrasynda olara gatnaşýan sportsmenleri ýeňşe höweslendirmek üçin her bir döwlet ýeňijiler üçin dürli möçberdäki baýraklary yglan etdi. Emma türkmen hökümeti Olimpiýa oýunlarynyň ýeňijilerine beriljek baýraklaryň möçberini yglan etmedi.

Çäreler geçirildi

Londonda geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň öňüsyrasynda Türkmenistanda bu çärä bagyşlanyp, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirildi. Olara ýurduň ýokary okuw jaýlarynyň studentleri, edara-kärhanalaryň işgärleri gatnaşdylar. Bu ýaryşlar baradaky reportažlar “Türkmenistan sport” telekanalynda görkezildi.

Emma, bu çäreleriň sport bilen arabaglanşygynyň azdygyny ýokary okuw jaýynyň 2-nji kursunyň talyby Berdimyrat aýdýar. Onuň pikiriçe, bu geçirilen ýaryşlar adaty köpçülikleýin çäre.

“Köpçülikleýin çärä äkidilişi ýaly, bizi bu sport ýaryşlaryna gatnaşmaga mejbur etdiler. Sebäbi meniň okaýan ýokary okuw jaýymyň aýda geçirmeli köpçülikleýin çäreleriniň sanawynda Olimpiýa oýunlaryna bagyşlanyp geçirilýän ýaryşa gatnaşmak çäresi bardy” diýip, Berdimyrat aýdýar.

Ýurtda Olimpiýa oýunlary mynasybetli geçirilen sport ýaryşlaryň syýasy propaganda üçin guralýandygyny ýerli synçylaram aýdýarlar. Aşgabatly synçy Aşyrgeldiniň aýtmagyna görä, hatda Ýewro-2012 we London Olimpiadasynyň translýasiýalarynyň Türkmen telewideniýesi boýunça guralmagy-da syýasy propaganda maksatlar üçin ulanylýar.

“Aslyýetinde sport ýaryşlarynyň translýasiýalarynyň adamlaryň arasynda sagdyn durmuş obrazyny propagandirlemek üçin uly ähmiýeti bar. Emma bizde bu translýasiýalar prezidentiň şahsyýetini mahabatlandyrmak üçin gurnalýan ýaly bolup dur” diýip, aşgabatly synçy Aşyrgeldi aýdýar.

30-njy Olimpiýa oýunlary Londonda iýul aýynyň 27-den awgust aýynyň 12-si aralygynda geçiriler. Türkmenistanlylaryň Olimpiýa oýunlarynyň translýasiýalaryny öz ene dillerinde tomaşa etmäge mümkinçilikleri bolar.
XS
SM
MD
LG