Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

MTS öňki nomerleriň dikeldiljekdigini aýdýar


Resmi maglumata görä, MTS aragatnaşyk kompaniýasy “Turkmentelekom” bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşyp, türkmen tarapyna arassa girdejisiniň 30%-ni bermek barada ylalaşypdyr.
Resmi maglumata görä, MTS aragatnaşyk kompaniýasy “Turkmentelekom” bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşyp, türkmen tarapyna arassa girdejisiniň 30%-ni bermek barada ylalaşypdyr.
Orsýetiň iň iri mobil aragatnaşyk operatorlarynyň biri bolan MTS kompaniýasy Türkmenistana gaýdyp barýanlygyny resmi derejede yglan etdi. MTS-iň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, häzir kompaniýa Türkmenistanda işläp başlamak üçin ähli tehniki we ýuridiki mümkinçiliklere eýedir.

Resmi maglumata görä, MTS aragatnaşyk kompaniýasy “Türkmentelekom” bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşyp, türkmen tarapyna arassa girdejisiniň 30%-ni bermek barada ylalaşypdyr.

Baş edarasy Moskwada ýerleşýän MTS-iň Jemgyýetçilik gatnaşyklary bölüminiň başlygy Ýelena Kohanowskaýa Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda kompaniýanyň geljekki planlary barada gürrüň berdi.

Ýelena Kohanowskaýa: Biz işe başlamak üçin zerur bolan ähli dokumentlere gol çekdik. Biz zerur bolan ýygylyklary we lisenziýalary aldyk. Biz magistral aragatnaşyk kanallary bilen üpjün ediji edaralar bilen hem ylalaşyk baglaşdyk. Şu günki gün biz formal we tehniki taýdan işe taýýar. Indi bize sistemany tehniki taýýarlyk derejesine getirmek we onuň käbir ýerlerini kämilleşdirmek üçin wagt gerek. Biz ýakyn wagtda, eýýäm şu güýzüň başynda öz hyzmatlarymyzy ýola goýmagy umyt edýäris.

Azatlyk Radiosy: 2010-njy ýylyň dekabr aýynda MTS-iň Türkmenistandaky işi togtadylanda kompaniýa ýurtda özüniň köp sanly tehniki gurallarynyň galanlygyny aýdypdy. Şondan bäri bir ýarym ýyl geçdi, şol gurallara näme boldy we olar häzir nähili ýagdaýda?

Ýelena Kohanowskaýa: Gurallaryň işi togtadylanda olar Türkmenistanyň giňişliginde galypdy. Olar belli bir derejede kadaly ýagdaýda saklandy. Şu günki gün bize käbir ýerlerdäki gurallary kämilleşdirmek we sazlaýmak galýar.

Azatlyk Radiosy: MTS-iň güýzüň başynda işe başlajagyny aýtdyňyz, bu türkmen mobil ulanyjylarynyň ýakyn aýlarda MTS-iň mobil hyzmatlaryndan doly peýdalanyp biljegini aňladýarmy?

Ýelena Kohanowskaýa: Hawa, biz ähli hyzmatlarymyzy doly derejede dikeldýäris. Biz öýjükli aragatnaşyk, sesli hyzmatlar we Internet ýaly döwrebap hyzmatlaryň ählisi bilen doly derejede üpjün ederis. Üstesine, biz öňki SIM kartlaryny ýa-da biz bilen baglaşan şertnamasyny saklap galan abonentleriň öňki telefon nomerlerini gaýtadan dikelderis. Olaryň şol döwürde hasaplarynda galan pul serişdeleri-de doly dikeldiler, ýagny abonentler şol pullarynyň hasabyna gepleşip bilerler.

Azatlyk Radiosy: MTS 2010-njy ýylda Türkmenistanda 2,5 milliona golaý abonentiniň bardygyny aýdypdy. MTS-iň Türkmenistandaky abonentleriniň sanyny ýene-de şol derejä ýetirmegi üçin näçe wagt gerek bolar diýip pikir edýärsiňiz?

Ýelena Kohanowskaýa: MTS Türkmenistanda işlän döwründe bizi örän gowy görýärdiler. Sebäbi biziň teklip eden hyzmatlarymyzyň bahasy we hili nukdaý nazaryndan MTS şol döwürde iň ýokary hilli we innowasion operator bolupdy. Biz işimizi dikeldenimizde şol derejäni saklamaga çalşarys. Biz öňki müşderilerimiziň ýene bizi saýlap aljagyna umyt edýäris we ýakyn wagtda olaryň iň bolmanda ýarysynyň bize goşuljagyna garaşýarys.

Azatlyk Radiosy: MTS-iň şonça abonenti birden üpjün etmek mümkinçiligi barmy?

Ýelena Kohanowskaýa: Tehniki taýdan biz doly taýýar bolarys. Sebäbi biziň işimiz togtanda abonentlerimiziň sany iki ýarym milliona golaý bolupdy. Şonda tehniki ukybymyz mundan hem has köp abonente niýetlenendi. Häzir biz şol derejede işe başlamakçy. Eger biz öňki abonentlerimiziň uly böleginiň bäsdeşlerimiziň hyzmatlaryndan peýdalanýanlygyny nazara alsak, artykmaç tehniki mümkinçiliklerimiz aragatnaşyk hyzmatlarymyzyň hiliniň örän ýokary bolmagyna esas döredýär.

Azatlyk Radiosy: MTS 2010-njy ýylda Türkmenistandaky işiniň togtadylmagy bilen bagly türkmen tarapyndan şikaýat edip, halkara edaralaryna ýüz tutupdy. MTS, oňa degişli BCTI kompaniýasy, Türkmenistanyň hökümeti, ýurduň Aragatnaşyk ministrligi, döwlete degişli “Türkmentelekom” kompaniýasy we “Altyn Asyr” operatory ylalaşyga gol çekişdi, taraplaryň özara dawalarynyň ählisi boýunça ylalaşandyklary habar berildi. Bu ylalaşyga gelnende taraplar öz talaplaryndan el çekdilermi ýa-da ýitgileriniň öwezini dolmak barada ylalaşdylarmy?

Ýelena Kohanowskaýa: Biz barlyşdyryjy ylalaşyk baglaşyp, özara talaplarymyzy 10 iş gününiň dowamynda yza çekmäge razy bolduk. Ýagny, biziň özara talaplarymyzdan el çekmegimiz kompensasiýanyň tölenmejekdigini aňladýar.
XS
SM
MD
LG