Sepleriň elýeterliligi

Azerbaýjan “Transhazara” maýa ýatyrmakçy däl


Hazar deňziniň türkmen kenary. 6-njy iýun, 2012.

Hazar deňziniň türkmen kenary. 6-njy iýun, 2012.

Azerbaýjan türkmen gazyny Ýewropa akdyrmak üçin guruljak “Transhazar” gaz geçirijisiniň gurluşygyna maýa ýatyrmagy planlaşdyrmaýar.

Şeýle-de, bu taslamany goldasa-da, Azerbaýjan onuň tiz wagtda gurulmagyna garaşmaýar.

Azerbaýjanyň senagat we energiýa ministri Natik Aliýewiň 26-njy iýulda žurnalistlere aýdan sözlerine görä, “Transhazar” gaz geçirijisi ýakyn wagtda gurulmaz.

“Eýsem, “Transhazar” gaz geçirijisini kim gurar? Azerbaýjan bu taslama bilen gyzyklanmaýar. Belki, “Transhazar” gaz geçirijisini Türkmenistan ýa-da Ýewropanyň kompaniýalary gurar” diýip, Natik Aliýew aýdýar. Bu barasynda "Reuters" habar gullugy ýazýar.

Ýewropa komissiýasy “Transhazar”gaz geçirijisini gurmak barada Türkmenistan we Azerbaýjan bilen gepleşik geçirýär. Bu taslama Ýewropa Bileleşiginiň Orsýet gazynyň importyna garaşlylygyny kemeltmek üçin gurulýan Günorta Koridoryň bir bölegi bolup durýar. Günorta Koridor birnäçe taslamany öz içine alýar.

Orsýet “Transhazar” gaz geçirijsiniň gurulmagyna garşy çykyş edip, bu taslamanyň hazarýaka döwletleriniň ählisi tarapyndan tassyklanmalydygyny öňe sürýär.

Türkmen-azeri dawasy

Azerbaýjan we Türkmenistan Bakuwyň “Kepaz” we “Çyrag”, Aşgabadyň “Serdar” we “Osman” diýip atlandyrýan ýataklary üstünde uzak wagtdan bäri ylalaşyp bilmän gelýär.

"Reuters" habar agentliginiň ýazmagyna görä, Natik Aliýew bu meseläniň “Transhazar” gaz geçirijisiniň gurluşugyna päsgel bermejekdigini aýdypdyr.

“Eger biz Türkmenistan bilen “Transhazar” gaz geçirisijini gurmak barada ylalaşsak, onda Hazar deňziniň hukuk durumy boýunça problema bolmaz - diýip, Natik Aliýew sözüni dowam etdirýär. - Hazar deňziniň hukuk durumyny kesgitlemegiň we “Transhazar” gaz geçirijisini gurmagyň arasynda hiç bir baglanşyk, hiç bir täsir ýok.”

Natik Aliýewiň sözlerine görä, Azerbaýjan tebigy gaz eksportynyň möçberini, häzir 6 milliard kubmetr gowrak bolanlygyndan, 2030-njy ýylda 30 milliard kubmetre we geljekde 50 milliard kubmetre ýetirmegi mümkin.

“Eger biziň programmalarymyz üstünlikli bolsa, onda 2030-njy ýyldan her ýylda 30 milliard kubmetrden gowrak tebigy gaz eksport etmegimiz mümkin” diýip, Aliýew aýtdy.

"Reuters" habar agentligi Azerbaýjanyň tebigy gaz almagynyň 2012-nji ýylyň birinji ýarymynda 3.1 prosent ösendigini ýazýar.

Geçen aý Azerbaýjan Türkmenistany Hazar deňzi boýunça iki ýurduň arasynda baglaşylan ylalaşygy bozmakda aýyplady we "degişli çäreleri" görjegini duýdurdy.

Gepleşikler ýa-da halkara sudy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar serişdeleri üçin ýaýradan metbugat beýanatynda Aşgabadyň bu dawaly meseleler boýunça gepleşikleri dowam etdirmäge taýýardygyny, şeýle hem, ikitaraplaýyn ylalaşyk gazanylmadyk ýagdaýynda, Türkmenistanyň halkara suduna ýüzlenmek hukugyndan peýdalanjakdygyny mälim etdi.

“Transhazar” gaz geçirijisinden her ýylda 30 milliard kubmetr gazy Ýewropa akdyrmak göz öňünde tutulýar.

Uzynlygy 300 kilometrlik “Transhazar” gaz geçirijini Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň giňişliginden geçirmek hem-de Ýewropa Bileleşiginiň energiýa serişdelerini geçiriji “Günorta Akym” sistemasy bilen sepleşdirmek göz öňünde tutulýar.

Şol bir wagtyň özünde, “Trend News” habar agentliginiň 27-nji iýulda beren maglumatyna görä, azerbaýjanly serhetçiler 24-nji iýulda Hazaryň Azerbaýjana degişli sektoryna gözegçilik edýän wagtlarynda, “Kepaz” ýatagynyň golaýynda Türkmenistanyň balyk tutýan “Günhan” gämisini barlapdyr we saklapdyr.

“Trend News” bu habary Azerbaýjanyň döwlet serhet gullugyna salgylanyp ýaýratdy.
XS
SM
MD
LG