Sepleriň elýeterliligi

Dünýäniň nazary Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasynda


2012-nji ýyldaky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasynyň başlanmagyna az wagt galdy.

Londonyň täze Olimpiýa stadionunda geçiriljek üç sagatlyk dabara 80 müň tomaşaçynyň, telewideniýe arkaly hem bir milliarda golaý adamyň syn etmegine garaşylýar.

Olimpiýa alawy 70 günlük estafetadan soň, Temza derýasynyň boýundan geçip, indi ýörite gazanda 16 günüň dowamynda ýalyn bolup alawlap durar.

Halkara olimpiýa komitetiniň başlygy Jakues Rogge: “Men uly dabara bilen, Londonyň Olimpiýa oýunlaryny geçirmäge taýýardygyny mälim edýärin. Biz sabyrsyzlyk bilen açylyş dabarasyna garaşýarys” diýdi.
XS
SM
MD
LG