Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarus: tussaglykdaky oppozisiýa aktiwisti günäsiniň geçilmegini soraýar


Belarusda tussaglykda saklanýan oppozisiýa aktiwisti Sergeý Kawalenka prezident Aleksandr Lukaşenkodan günäsiniň ötülmegini haýyş etdi. Kawalenka şu ýylyň başynda uzak möhletlik açlyk çekenden soň, onuň saglyk ýagdaýy erbetleşipdi.

Kawalenkonyň aýaly Alýona anna güni Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolup, öz adamsyna türmede basyşyň artdyrylandygy sebäpli, Kawalenka günäsiniň geçilmegini haýyş edendigini aýtdy. Alýonanyň sözlerine görä, Kawalenko ýeke adamlyk türme jaýyyna hem geçirilipdir.

37 ýaşly Kawalenko fewral aýynda 25 aýlyk türme tussaglygyna höküm edilipdi. Oňa “Belarusda gadagan edilen milliýetçilik baýdagyny” ýaýradandygy sebäpli şertli ýagdaýda sud edilmeginiň şertlerini bozandygy üçin ýyl kesilipdi.
XS
SM
MD
LG