Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanda ynsan hukuklary boýunça aktiwist öldürildi


Özbegistanda adam hukuklaryny goraýjy aktiwistiň öldürlendigi aýdylýar. Bu barada onuň kärdeşleri maglumat berdi.

Özbegistanyň adam hukulary boýunça alýansynyň başlygy Ýelena Urlaýewanyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, Ekramhoja Muhiddinow Tinçlik şäherinde pyçaklanyp öldürilipdir.

Urlaýewanyň sözlerine görä, çarşenbe güni üç näbelli adam Muhiddinowa hüjüm edip, olaryň biri ony pyçaklapdyr. Şübhelenýän hüjümçiniň polisiýa tarapyndan tussag edilendigini hem Urlaýewa aýtdy.

Polisiýa bu iş boýunça bir zat aýtmakdan saklandy.

Urlaýewa Muhiddinowa garşy hüjümiň onuň alyp baran aktiwistik işi bilen bagly bolmagynyň mümkindigini çaklaýar.

59 ýaşly Ekramhoja Muhiddinow soňky ýedi ýylyň dowamynda, Özbegistanyň adam hukulary boýunça alýansy bilen işleşip gelýärdi.
XS
SM
MD
LG