Sepleriň elýeterliligi

Gazagystan: gümrükçileri öldürmekde güman edilýän adam sagdyn pikirli


Gazagystanda 14 kärdeşini we bir tokaýçyny öldürmekde güman edilýän gümrük gullukçysynyň akyl-huşy ýerinde diýlip ykrar edildi.

Wladislaw Çelahyň aklawçysy doktorlaryň gelen netijesini anna güni mälim etdi.

Çelah şu hepdede ozal telewideniýe arkaly 15 adamy öldürendigi baradaky boýun almasyndan ýüz öwürdi. 15 adam şu ýylyň maý aýynyň ahyrlarynda hytaý-gazak serhedindäki barlag gözegçilik nokadynda öli tapylypdy.
XS
SM
MD
LG