Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanda çaknyşyklary bes etmek boýunça gepleşikler dowam edýär


Täjigistanyň gündogarynda hökümet güýçleri bilen ýaragly söweşijileriň arasyndaky çaknyşygy togtatmak ugrunda ylalaşyga gelinmegiň öňüsyrasynda durlandygy barada maglumatlar gowuşýar.

Şu hepdäniň başynda dörän çaknyşykdan, häzire çenli 70 töweregi adam öldi.

Aýdylmagyna görä, söweşijiler ýaraglaryny tabşyrmak barada ylalaşypdyrlar. Emma, 21-nji iýulda Daglyk-Badahşan sebitinde howpsuzlyk resmisiniň öldürilmegi bilen bagly tussag edilen dört adamyň boşadylmagy ugrunda gepleşikleriň hem gidýändigi habar berilýär.

Täjik hökümetiniň berýän resmi maglumatyna görä, şu hepdede dörän çaknyşyklarda 12 esger, “söweşiji” diýlip atlandyrylan topardan 30 adam, şeýle-de parahat ilatdan 30 töweregi adam heläk bolupdyr.
XS
SM
MD
LG