Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dagystanyň paýtagty Mahaçgalada alty söweşiji öldürildi


Dagystanyň paýtagty Mahaçgalada polisiýa we howpsuzlyk güýçleri tarapyndan söweşijidigi çaklanýan alty ýaragly öldürildi. Bu barada Orsýetiň resmileri maglumat berýär.

Resmileriň sözlerine görä, söweşijiler, şol sanda bir aýal maşgala Mahaçgalanyň etegindäki bir öýde gabawa alnypdyr. Olar boýun bolmakdan ýüz öwrüpdirler. Söweşijileriň ýanyndaky bir çaga öýden çykmaga rugsat berlenden soň, ýaragly adamlar ot açyp başlapdyrlar.

Orsýetiň Demirgazyk Kawkaz regionynda, ýagny Çeçenistanda, Dagystanda we Inguşetiýada yslamçy söweşijiler bilen howpsuzlyk güýçleriniň arasyndaky çaknyşyklarda her ýyl ýüzlerçe adam ölýär we ýaralanýar.
XS
SM
MD
LG