Sepleriň elýeterliligi

Ispaniýada işsizligiň derejesi resmi taýdan 25%-e golaýlady


Ispaniýada şu ýylyň ikinji çärýeginde işsizleriň hataryna ýene-de 53 müň adam goşuldy. Bu Ispaniýada işlemäge ukyply adamlaryň indi 25%-i işsiz diýmekdir.

Ispaniýanyň milli statistika institutynyň berýän maglumatyna görä, häzir ýurtda 5.7 million adam işsiz.

Ispaniýanyň hökümeti ykdysady çökgünlikden çykmak üçin, ýakynda tygşytlaýyş çärleriniň täze tapgyryny geçiripdi.
XS
SM
MD
LG