Sepleriň elýeterliligi

Aleppo: Hökümet güýçleriniň hüjüm etmegine garaşylýar


Siriýaly gozgalaňçylar demirgazyk şäher Alepponyň barlag nokadynda. 24-nji iýul, 2012.

Siriýaly gozgalaňçylar demirgazyk şäher Alepponyň barlag nokadynda. 24-nji iýul, 2012.


Siriýanyň iri şäherlerinden biri bolan Aleppo (Halap) şäherindäki gozgalaňçylaryň we onuň ýaşaýjylarynyň aýtmaklaryna görä, olar hökümet güýçleriniň garaşylýan köpçülikleýin hüjümine taýýarlyk görýärler.

Gozgalaňçylaryň käbir liderleri özleriniň eýýäm Aleppo şäheriniň ýarpysyna golaýyna gözegçilik edýändiklerini aýdýarlar. Maglumatlara görä, hökümetiň söweş uçarlary we ot açýan dikuçarlary Aleppo şäheriniň töwereklerine hüjüm edýärler.

Azat Siriýa goşunynyň metbugat wekiliniň aýtmagyna görä, hökümetiň köpsanly harby maşynlary Aleppo şäherine gelipdirler. Emma ol goşmaça meýletinçileriň hem gozgalaňçylara goşulmak üçin şähere gelendiklerini sözüne goşýar.

Asuda ilatyň goralmagy zerur

Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça komissary Nawi Pillaý hökümet güýçlerini we gozgalaňçylary Alepponyň asuda ýaşaýjylaryny söweş hereketlerinden goramaga çagyrýar.

Onuň 27-nji iýulda ýaýradan beýanatynda aýtmagyna görä, Aleppoda gapma-garşylyklaryň ýüze çykmak mümkinçiligi Siriýanyň gür ilatly etraplaryndaky ýaşaýjylaryň howpsuzlygy barada alada döredipdir. Siriýada ýüze çykan konfliktden öň bu etraplarda 2 milliondan gowrak adam ýaşapdyr.

“Hökümet güýçleriniň we oppozisiýanyň tarapdarlarynyň amala aşyrýan adam öldürmelerine ýa-da bilkastlaýyn adam öldürmelerine adamzada garşy jenaýatlar ýa-da harby jenaýatlar hökmünde garalmagy mümkin” diýip, Pillaý sözüniň üstüni ýetirýär.

“Baas” partiýasynyň agzasy gaçdy

Şu gün Siriýanyň parlamentiniň Aleppodan bolan deputaty özüniň Türkiýä gaçyp geçendigini habar berdi. Deputat Ihlas al-Badawi “Sky News Arabia” telekanalyna beren interwýusynda prezident Başar al-Assadyň režimini wagşylykda aýyplap, bu ýurtda iň esasy hukuklaryny talap edýän halka garşy repressiýalaryň we gazaply gynamalaryň bardygy üçin özüniň Türkiýä gaçyp geçendigini aýtdy.

Ihlas al-Badawiniň maý aýyndaky parlament saýlawlarynda ýeňiş gazanan deputatlaryň we prezident Başar al-Assadyň “Baas” partiýasynyň agzalarynyň arasyndan ilkinji bolup Siriýadan gaçandygy habar berilýär.

Siriýanyň goňşulary bu ýurtda zorluklaryň ösmegine alada bildirýärler. Gelip gowuşýan habarlardan eýýäm köp sanly siriýaly bosgunlaryň Liwana we Iýordaniýa gaçyp geçendigi belli bolýar.

Maglumatlara laýyklykda, 300 çemesi bosgun Iýordaniýa gaçyp geçmäge synanyşanda, olaryň garşysyna Siriýanyň hökümet güýçleri ot açypdyrlar. Şonda iýordaniýalylar we Siriýanyň hökümet güýçleri özara atyşypdyrlar.

Saud Arabystanynyň “Al-Arabiýa” maglumat serişdesi bu atyşykda iýordaniýaly iki esgeriň ýaralanandygyny habar berýär.

27-nji iýulda Türkiýäniň daşary işler ministri Ahmet Dawutogly öz ýurdunyň Siriýa bilen aradaky serhetlerine berk gözegçilik edýändigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG