Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tatarystan Yslam boýunça bilermen belleýär


Umuman, asuda diýlip hasaplanýan Tatarystanda gündiziň güni bolup geçýän terrorçylykly wakalar ýurtda yslamy radikallaşmanyň artýandygy barada alada döredýär.
Umuman, asuda diýlip hasaplanýan Tatarystanda gündiziň güni bolup geçýän terrorçylykly wakalar ýurtda yslamy radikallaşmanyň artýandygy barada alada döredýär.
Tatarystanda hökümetiň goldawyndan peýdalanýan ýokary derejeli yslam ruhanysynyň ýaralanyp, onuň orynbasarynyň wepat bolmagyna sebäp bolan terrorçylykly hüjümden soň, ýurduň hökümeti barha artýan dartgynlylygyň üstüni ýapmaga synanyşýar.

Umuman, asuda diýlip hasaplanýan Tatarystanda gündiziň güni bolup geçýän terrorçylykly wakalar ýurtda yslamy radikallaşmanyň artýandygy barada alada döredýär.

Şeýle wakalaryň fonunda, hökümetiň 24-nji iyulda köpçülikleýin habar serişdelerini göz öňünde tutup ýaýradan maglumatynda yslam bilen baglanyşykly soraglar boýunça diňe ýedi sany “makullanan” bilermene salgylanylmalydygy barada gürrüň edilýär.

Görkezmäniň maksady

Tatarystanyň prezident apparatynyň maglumatyna görä, bu görkezmäniň maksady halkyň arasynda resmi Tatarystan Musulman Ruhany Müdirliginiň (DUM) düşünjesinden tapawutly garaýyşlara eýe bolan garaýyşlaryň ýaýramagynyň öňüni almakdan ybaratdyr.

Agzalýan Müdirligiň resmisi Rişat Hamidulliniň “Kazan Weekly” gazetine beren maglumatynda aýtmagyna görä, “Hökümet agzalýan ruhanylaryň sanawyny öz edarasy bilen bilelikde düzüpdir we şol ruhanylar beýanat ýaýratmazdan ozal öz müdirligi bilen maslahat ederler”.

Džalil Fazliýew Tatarystanyň Musulman Ruhanylar Müdirliginiň kanuny işleri boýunça ýolbaşcysy we resmi düşündirijileriň sanawyndaky adamlaryň biri. Ol Azatlyk Radiosynyň Tatar-Başgyrt gullugyna beren maglumatynda zerurlyk bolsa, onda hökümetiň şol ýedi ruhanynyň žurnalistler bilen hiç hili çäklendirilmezden gepleşmäge taýyn bolmalydygyny tabşyrandygyny aýtdy.

Emma bu barada prezident apparatyndan hiç hili goşmaça maglumat alyp bolmady.

Şol bir wagtyň özünde-de Tatarystanyň döwlet eýeçiligindäki habar serişdeleriniň wekilleriniň köpüsi bu barada gürrüň etmekden yüz öwürýärler. Tatarystanyň “Yan-Gasir” telekanalynyň müdiri, adynyň agzalmazlygy şerti bilen beren maglumatynda, bu sanawyň öz edarasyna hem gowuşanlygyny we özleriniň bu talaba boýun boljakdygyny aýtdy.

"Kone sowet stili"

Döwlete degişli bolmadyk "Zwezda Powolžýanyň" baş redaktory Raşit Ahmedowyň Azatlyk Radiosyna aýtmagya görä, hökümetiň terror hüjümçilerine bolan bu seslenmesi "kakynly häsiýete ýakyn" býurokratik jogapdyr.

"Bu köne, sowet stilli, býurokratik reaksiýadyr, "geliň, hemme zady ýapalyň, hemmeleriň agzyny gulplalyň , hiç zat görmedik hem eşitmedik ýaly hereket edeliň. Bu hem şeýle ýagdaýlaryň asla ýokdugyny aňladar” diýip, Ahmedow aýtdy.

Onuň aýtmagyna görä, “Hökümet ýagdaýlara şeýle çemeleşende, problema ýalan maglumatlara esaslanýar diýen manyda hereket edýär”.

Ahmedow diňe döwlet eýeçiligindäki habar serişdeleriniň, ilkinji nobatda-da telewideniýäniň we radionyň bu maslahata boýun bolmagyna garaşýandygyny aýdýar. Onuň sözlerine görä, şeýle ýagdaýlar sebäpli bu tagalla netijesiz we kontrproduktiw bolar, ýagny tersin netije berer.

Interneti nätjek?

"Netijede internet bar. Hakykatda, bu maglumatlaryň äpet uly bölegi şu ýerde, ýagny internetde ýerleşdirilendir. Şonuň üçin, meniň pikirimçe, bu şol amala asyrylan elhenç terrorçylyga, býurokratiýa tarapyndan berlen ujypsyz reaksiýadyr" diýip, Ahmedow aýtdy.

19-njy iýulda bolan terrorçylykly hüjümde Kazanyň Müftisi Ildus Faizowyň iki aýagy döwlüp, bedeniniň käbir beýleki böleklerine hem zýyan ýetdi. Ondan bir sagat öň, Muftiniň yakyn kömekçisi we öňki orunbasary Waliulla Ýakubow şäheriň beýleki künjeginde atylyp öldürildi.

Ýeri gelende ýatladyp geçsek, hökümet tarapyndan tassyklanan sanawdaky adamlar esasy liderlerdir, olar resmi Yslam guramalarynyň, şeýle hem respublikan we Kazan dereje ruhany müdirlikleriň we şäheriň esasy metjidiniň liderleridir.
XS
SM
MD
LG