Sepleriň elýeterliligi

Londonda XXX Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy boldy


London şäherinde tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy boldy.

Şenbe güni ir ertire çenli dowam eden bu dabara telewideniýe arkaly 1 milliard töweregi adamyň seredendigi habar berilýär.

Londonyň Olimpiýa stadionynda sahnalaşdyrylan bu dabara 80 müň adam, şol sanda Britaniýanyň korolewasy Ýelizaweta II we ýüz töweregi döwletiň ýolbaşçylary tomaşa etdiler.

Öňümizdäki 16 günüň dowamynda 205 ýurtdan on ýarym müň sportsmen olimpiýa medallaryny gazanmak üçin bäsleşerler.

Türkmenistandan bu oýunlara 10 sportsmen gatnaşýar. Olar sportuň bäş görnüşi: ýeňil atletika, agyr atletika, boks, göreş we suwda ýüzmek boýunça bäsleşerler.
XS
SM
MD
LG