Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa: Orsýet Aleppoda tragediýanyň ýakynlaşýandygyny duýdurýar


Orsýet Siriýanyň ikinji iri Aleppo şäherine “tragediýanyň” aralaşýandygy barada şenbe güni duýduryş etdi.

Şol bir wagtyň özünde, pitneçileriň ýurduň iri şäherlerini eýeleýän wagtynda hökümet güýçleriniň olara garşy durup biljekdigine garaşyp bolmaz diýip, Orsýet mälim etdi.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda “Aleppoda tragediýanyň ýakynlaşýandygyny” aýtdy.

Ilkinji bolup parahatçylyga tarap hereket etmek barada Siriýanyň hökümetini yrmaga Moskwanyň çalyşýandygyny ol sözüne goşdy. Emma, oppozisiýanyň Aleppo ýaly iri şäherleri eýeleýän wagtynda muny amala aşyryp bolmaýar diýip, Lawrow aýtdy.

Şenbe güni Aleppo şäherinde pitneçileriň eýeleýän raýonlarynda Siriýanyň hökümet güýçleri agyr söweşlerini dowam etdirýärler.
XS
SM
MD
LG