Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝHHG YouTube saýtyny elýeterli etmek barada Täjigistana çagyryş etdi


Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy petiklenen YouTube websaýtyny açmak we erkin informasiýa almaga ýol bermek boýunça Täjigistana çagyryş etdi.

Ýerli metbugatyň maglumatyna görä, Täjigistanyň döwlet aragatnaşyk gullugy 26-njy iýulda internet hyzmatyny hödürleýän kompaniýalardan YouTube saýtyny petiklemegi sorapdyr.

ÝHHG-niň media azatlygy boýunça ýörite wekili Dunýa Miýatowiç anna güni ýaýradan beýanatynda “haýsy hem bolsa bir websaýty petiklemek barada häkimiýetler däl-de, diňe sudlar görkezme berip biler” diýip belleýär.

Petikleme raýatlaryň öz ýurdunda bolýan wakalar barada informasiýa almak we paýlaşmak hukuklaryndan mahrum edýär diýip, Miýatowiç nygtaýar.

Miýatowiç 23-nji iýulda petiklenen “Aziýa plýus” habarlar gullugyny resmi Duşenbäniň täzeden açmak baradaky hereketine gowy baha berdi.
XS
SM
MD
LG