Sepleriň elýeterliligi

Hytaýda protestçiler ekologiýa zyýanly plandan el çekilmegini gazandylar


Şenbe güni Hytaýyň gündogaryndaky Szýansu welaýatynyň Kidoň şäheriniň häkimiýetleri hapa suwy deňze guýýan desganyň gurluşygy baradaky planlaryndan el çekdiler.

Planyň ýatyrylmagyna müňlerçe ýaşaýjynyň protest demonstrasiýasy sebäp boldy.

Resmi “Xinhua” habar gullugynyň maglumatyna görä, şäherde polisiýa bilen protestçileriň çaknyşyklary ýüz beripdir. Gahar-gazaba düşen protestçileriň şäher administrasiýasynyň binasyna hüjüm edendikleri habar berilýär.

Soňky döwürde daşky gurşawa zyýan getirýän proýektlere garşy hytaýlylar köp çykyş edýärler.

Şu aýyň başynda ýurduň günortasyndaky Şifaň şäherinde müňlerçe protestçi gozgalaň turzup, häkimiýetleriň mis zawodyny gurmak planlaryndan el çekmeklerini gazandylar.
XS
SM
MD
LG