Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan TOPH gaz proýekti üçin inwestor gözleýär


Dünýäde gaz gory boýunça dördünji orunda durýan Türkmenistan TOPH gazgeçiriji proýektine maýa ýatyrmak isleýänler üçin tanyşdyryş sessiýalaryny geçirjekdigini yglan etdi. Bu barada “Roýter” habar gullugy türkmen telewideniýesine salgylanyp habar berýär.

Maglumata göra, anna güni geçiren hökümet maslahatynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow TOPH gazgeçiriji proýektiniň ýylda 30 kub/metr türkmen gazyny Günorta Aziýa döwletlerine akdyrmaga mümkinçilik berjekdigini nygtapdyr.

Emma synçylar turbanyň 735 kilometriniň Owganystanyň Gerat we Kanadagar welaýatlaryndan geçmelidigini göz öňünde tutup, 2014-nji ýyla meýilleşdirilen NATO güýçleriniň Owganystandan çykarylmak plany amala aşyrylanyndan soň, TOPH proýektiniň uly howpsuzlyk meselesi bilen ýüzbe-ýüz boljakdygyna ünsi çekýärler.

Bu proýekt barada eden çykyşynda Gurbanguly Berdimuhamedow howpsuzlyk meselesini gozgamady diýip, “Roýter” ýazýar.

Türkmenistanyň Uglewodorod resurslary boýunça döwlet gullugynyň başlygy Ýagşygeldi Kakaýew hökümet maslahatynda çykyş edip, TOPH proýektine maýa ýatyrmaga isleg bildirýänler üçin tanyşdyryş sessiýalarynyň 2012-nji ýylyň sentýabr-oktýabr aýlarynda Singapurda, Nýu-Ýorkda we Londonda 18-20 günüň dowamynda geçiriljekdigini yglan etdi.
XS
SM
MD
LG