Sepleriň elýeterliligi

Olimpiýa oýunlarynyň birinji gününde iki çempionyň bäsleşigine üns gönükdirilýär


Suwda ýüzmek boýunça ABŞ-nyň sportsmenleri Maýkl Phelps (sagda) we Ryan Lohte (çepde)

Suwda ýüzmek boýunça ABŞ-nyň sportsmenleri Maýkl Phelps (sagda) we Ryan Lohte (çepde)

Londondaky Olimpiýa oýunlarynyň birinji gününde köp sanly tomaşaçy günüň bolup biläýjek iň uly wakasyna garaşýar. Şu gün Aşgabat wagty bilen agşam sagat 23:30-da 400 metr aralyk boýunça kompleksleýin suwda ýüzmek ýaryşy geçirilýär.

Ýaryş ABŞ-nyň komandasyna degişli güýçli bäsdeş hasaplanýan iki çempionyň arasynda bolýar.

Olaryň biri suwda ýüzmek boýunça meşhurlyk gazanan Maýkl Phelpsdir. Ol dört ýyl mundan ozal Pekinde geçirilen Olimpiýa oýunlarynda suwda ýüzmek, şol sanda onuň 400 metrlik kompleksleýin görnüşi boýunça sekiz altyn medala eýe bolupdy.

Emma ol anna güni Londonda geçirilen kwalifikasiýa bäsleşiginde garaşylan tizlikden haýal geldi. Bu ýagdaý onuň şenbe güni giçlik geçiriljek ýaryşda görkezjek netijesiniň nähili boljakdygyna has hem ünsi çekdi.

Onuň dört minut 13.33 sekundda geçen wagty sekiz bäsdeşiň arasynda diňe sekizinji iň tiz wagty görkezdi.

Bu görkezijisi bilen ol suwda ýüzmek boýunça esasy bäsdeşi amerikan sportsmeni Ryan Lohteden yza galdy.

Näme üçin bu ýaryşa üns berlip tomaşa edilýär? Oňa suwda ýüzmek boýunça ýaryşlaryň janköýeri bolmadyklar hem gyzyklanma bilen syn edýärler.

Bu soraga Phelpsiň Londonda şu wagta çenli iň köp olimpiýa medalyny gazanan sportsmen bolmaga ynam bildirýandigi bilen jogap berilýär.

Häzire çenli Phelps 16 olimpiýa medalyna eýe boldy, olaryň 14-si altyn medal bolup, olar irki oýunlarda gazanylypdy. Ol gimnastika boýunça 18 medal alan Sowet sportsmeni Larisa Latyninanyň rekordyndan geçmegi maksat edinýär.

Ilkinji altyn medal

Şol bir wagtyň özünde, London-2012 Olimpiýa oýunlarynda Hytaý ilkinji altyn medala eýe boldy.

Bu medaly şenbe güni Ýi Siliň gazandy. Ol 10 metr uzaklykdan tüpeň atmak boýunça aýallaryň arasynda geçirilýän ýaryşda üstün çykdy.

Bu ýaryşda Polşadan Silwia Bogaçka kümüş medala, Hytaýdan Ýu Dan bolsa bürünç medala eýe boldular.

Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy anna güni geçirildi. Sahnalaşdyrylan bu uly dabara barada maglumatlar häzire çenli mediada dowam edýär.

Dünýä metbugaty bu tomaşanyň şowly geçirilendigini belleýärler. Bu tomaşany Oskar baýragynyň eýesi, kinorežissýor Danny Boýle sahnalaşdyrdy. Oňa $42 million çykdajy edildi.

Bu tomaşada Britaniýada senagatlaşdyryş döwründen başlap Beatles aýdym-saz toparynyň eýýämine çenli ýurduň taryhyna syýahat edildi, şeýle hem James Bonduň roluny ýerine ýetiren Daniel Kreýgiň we korolewanyň gatnaşmaklarynda uly bolmadyk film görkezildi.
XS
SM
MD
LG