Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Rumyniýa: Prezident Basesku referendumda sese goýulýar



Rumyniýalylar şu gün, 29-njy iýulda merkez-sagçy prezident Traýan Baseskua ynam bildirmelimi ýa däl diýen meseläni sese goýýarlar.

Baseskuyň parlament tarapyndan togtadylmagy Ýewropa Bileleşiginiň we Birleşen Ştatlaryň demokratiýanyň ýok edilýänligi barada duýduryş bermegine getirdi.

Premýer ministr Wiktor Pontanyň merkez-çepçi hökümeti Baseskuy öz ygtyýarlygyny artdyrmakda we hökümetiň işine gatyşmakda aýyplaýar. Basesku muny inkär edýär we referendumy boýkot etmäge çagyrdy.

Eger referenduma gatnaşyk 50 prosentden az bolsa, ol bikanun diýlip yglan ediler we Basesku gaýtadan öz ornuna dikeldiler. Eger oňa ynam bildirmeli däl diýýänler köp bolsa, Rumyniýa täze prezident saýlawlaryny guramaly bolar.
XS
SM
MD
LG