Sepleriň elýeterliligi

Orsýet: Putin Ýaponiýanyň daşary işler ministri bilen duşuşýar


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin şenbe güni, 28-nji iýulda Soçide Ýaponiýanyň daşary işler ministri Koýçiro Gemba bilen duşuşdy.

Putin iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň ýokarlandyrylmagyna çagyrdy.

Gemba, iki ýurduň arasyna Ikinji Jahan Urşundan bäri tow salyp gelýän dawaly adalar barada gepleşmek üçin, Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen hem duşuşdy.

Gemba Dmitriý Medwedewiň Kunaşire eden sapary babatda Ýaponiýanyň gynanjyny beýan edendigini aýtdy.

Medwedew 2010-njy ýylda bu adalara sapar eden ilkinji rus prezidenti bolupdy. Ol bu adalara 3-nji iýulda, premýer ministr bolandan soň hem baryp gaýtdy.

Lawrow bu saparlar baradaky ýapon tankydyny ret etdi. Ol “Ors häkimiýetleri Orsýet Federasiýasynyň bu bölegindäki sosial-ykdysady ýagdaýlary gowulandyrmaga jogapkär we biz bu işi dowam ederis” diýdi.
XS
SM
MD
LG