Sepleriň elýeterliligi

Ukraina: Şewçenko futboly terk edip, syýasata geçýär


Ukrainanyň ýyldyz hüjümçisi Andriý Şewçenko şenbe güni, syýasata goşulmak üçin, futboly terk edýändigini aýtdy.

Ol “Dinamo Kiýewiň” websaýtynda çap edilen beýanatynda şeýle diýdi:

“Belki-de men siziň hemmäňizi haýran galdyraryn. Meniň geljegim hiç bir jähtden futbol bilen bagly bolmaz... Ol syýasat bilen bagly bolar. Men siziň goldawyňyza umyt edýärin.”

Şewçenko şenbe güni özüniň “Ukraina öňe!” atly biznese tarapdar partiýa goşuljagyny hem aýtdy.

Şewçenko öz futbolçulyk karýerasyna 1990-njy ýyllarda, “Dinamo Kiýewden” başlapdy.
XS
SM
MD
LG