Sepleriň elýeterliligi

Netanýahu Eýrana garşy “berk we ynamdar” harby howp gerek diýýär


Ysraýylyň premýer ministri Benýamin Netanýahu Eýranyň ýadro ýaragyny edinmeginiň öňüni almak üçin “berk we ynamdar” harby howp gerek diýýär.

Ýekşenbe güni Ierusalimde çykyp gürlän Netanýahu halkara sanksiýalary we beýleki diplomatiki tagallalar Eýrany öz ýadro programmasyny inspektorlar üçin açmaga yrmakda netijeli bolmady diýdi.

Birleşen Ştatlaryň respublikanlardan prezidentlige kandidaty Mit Romniý hem şu gün irden, Eýranyň ýadro ýaragyny edinmeginiň öňüni almak üçin, Tährana harby zarba urulmagyny goldajagyny syzdyrdy.

Romniniň uly milli howpsuzlyk kömekçisi Dan Senor Ysraýylda žurnalistlere Romniý ysraýyl resmileriniň, Tähranyň ýadro ýaragyny edinmeginiň öňüni almak üçin, Eýrana garşy harby güýç ulanmak kararyna “hormat goýar” diýdi.

Bu sözler Romniniň Ysraýylda premýer ministr Benýamin Netenýahu we beýleki ysraýyl ýolbaşçylary bilen duşuşýan wagtynda aýdyldy.

Romniniň sapary "Haaretz" gazetiniň prezident Barak Obamanyň milli geňeşçisiniň ABŞ-nyň Eýran planyny eýýäm Netenýahua aýdandygy barada ýazan wagtyna geldi.

Ysraýylda çykýan "Haaretz" gazetiniň ýazmagyna görä, diplomatik tagallalar Tährany öz ýadro programmasyndan el çekmäge yryp bilmese, onda Eýrana garşy güýç ulanylar.
XS
SM
MD
LG