Sepleriň elýeterliligi

Olimpiýa oýunlary: Tomusky oýunlaryň ikinji resmi güni dowam edýär


2012-nji ýylyň Tomusky Olimpiýa oýunlarynyň ikinji resmi güni Londonda irden badminton we aýallaryň hokkeýi boýunça bäsleşiklerden başlandy.

Bu günüň esasy wakalary aýallaryň 140 km aralyga ýolda tigir sürmek ýaryşyny, erkekleriň we aýallaryň agyr atletika bäsleşigini we saýlantgy gimnastikaçy zenanlaryň çykyşlaryny öz içine alýar.

Ýekeşenbe güni geçýän ýüzmek ýaryşlary dört sany altyn medaly hödürleýär.

Erkekleriň futboly boýunça geçirilmeli deslapky ýaryşlar planlaşdyrylan alty oýun bilen dowam etdirilýär.
XS
SM
MD
LG