Sepleriň elýeterliligi

Demirgazyk Koreýa: Agyr gelen sil 90 adamy öldürdi, açlyk aladasyny köpeltdi


Agyr ýagan ýagyşlar zerarly gelen sil we tupan Demirgazyk Koreýada 90 çemesi adamyň ölmegine, 60 müňden gowrak adamyň öýsüz-öwzarsyz galmagyna getirdi.

Phenýandaky resmi "Koreýa" habar gullugy geçen hepde ýurduň içinden geçen “Hanun tupanynyň” 17 müň çemesi binany ýumrup ýa suwa basdyryp, 30 müň gektar oba hojalyk ýerini basyp, örän kän adam heläkçiligine we maddy ýitgä sebäp bolandygyny habar berdi.

Gazaply gurakçylygyň yz ýany gelen siliň Demirgazyk Koreýanyň hroniki azyk ýetmezçiligini has-da beterleşdirmegine garaşylýar.
XS
SM
MD
LG