Sepleriň elýeterliligi

Olimpiýa oýunlary: Dzýuda Orsýeti lapykeç etdi, owgan ýeňildi, kosowaly öňde


Orsýetiň ýokary derejeli dzýudoçysy Musa Moguşkow ýekşenbe güni Londondaky Tomusky Olimpiýa oýunlarynda 66 kg agramdan aşakdaky dzýudaçylaryň ýaryşynda garaşylmadyk şowsuzlyga uçrady.

Moguşkow özüniň birinji tapgyr bäsleşiginde azerbaýjanly Tarlan Karimowdan ýeňildi.

Moguşkowyň ýeňlişi orsýetli dzýudoçy Arsen Galstýanyň altyn medal utan gününiň ertesine gabat geldi.

Londondaky Tomusky Oýunlara Owganystandan gatnaşýan alty sportsmeniň biri Aýmal Faýzada 66 kilogramdan aşakdaky kategoriýada wengriýaly Miklos Ungwariden ýeňlip, oýundan çykdy.

Aýallaryň 52 kilogramdan aşakdaky kategoriýasynda kosowaly Maýlinda Kelmendi, finlandiýaly Ýaana Sandbergi ýeňip, öňe saýlandy.

Kelmendi alban baýdagy astynda ýaryşýar, sebäbi onuň ýurdy Halkara Olimpiýa komiteti tarapyndan ykrar edilmeýär.
XS
SM
MD
LG