Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Netanýahu: 'Ýagdaýy üýtgetmek üçin berk we ynamdar harby howp zerur'


Ysraýylyň premýer ministri Benýamin Netanýahu
Ysraýylyň premýer ministri Benýamin Netanýahu
Ysraýylyň premýer ministri Benýamin Netanýahu Eýranyň ýadro ýaragyny edinmeginiň öňüni almak üçin "berk we ynamdar" howpuň gerekdigini öňe sürýär.

Netanýahu ýekşenbe güni Ierusalimde eden çykyşynda halkara sanksiýalary we beýleki diplomatik tagallalar Eýranyň ýadro programmasyny inspektorlar üçin açyp bilmedi diýdi:

"Biz dogruçyl bolmaly we aýtmaly: ähli sanksiýalar we diplomatiýa häli-häzire çenli eýran programmasyny sähelçe-de yza çekmedi. Şu sebäpdenem men özümize, sanksiýalaryň gapadalyndan, ýagdaýy üýtgetmek mümkinçiligine eýe bolar ýaly, berk we ynamdar harby howp zerur diýip bilýärin” diýip, ol aýtdy.

Netanýahu bu sözleri ABŞ-nyň respublikanlardan bolan prezidentlige kandidaty Mit Romniý bilen duşuşyk mahalynda aýtdy. Romniý ýekşenbe güni irden Ysraýylyň Eýrana garşy öňüni alyş zarbasyny urmagyny goldajagyny syzdyrdy.

'Romniý Ysraýylyň kararyna hormat goýar'

Romniniň uly milli howpsuzlyk kömekçisi Dan Senor žurnalistlere Romni ysraýyl resmileriniň, Tähranyň ýadro ýaragyny edinmeginiň öňüni almak üçin, Eýrana garşy harby güýç ulanmak kararyny “hormatlar” diýdi.

Ysraýyl Eýranyň ýadro programmasynyň ýewreý döwletine garşy raketa hüjümini etmek üçin ulanylmagyndan alada galýar.

Romniý Netanýahu bilen duşyşykda çykyp gürläp, Eýranyň ýadro işjeňliklerini togtatmak barada has köp maslahat edilmegine garaşýandygyny aýtdy:

"Siziň Eýran we onuň ýadro ýaragly döwlet bolmak tagallalary baradaky perspektiwalaryňyz meniň örän çynlakaý garaýan meselelerimiň biri. Onsoň men siz bilen özümiziň Eýrany öz ýadro paýhassyzlygyndan el çekmäge yrmak üçin edip biljek ýeneki işlerimiz barada gürleşmegimize bil baglaýaryn” diýip, Romniý aýtdy.

Romniý şu noýabrda Birleşen Ştatlarda geçiriljek prezident saýlawlaryndan öň, özüniň daşary syýasat ygtyýarlyklaryny ýokarlandyrmak maksady bilen edýän üç ýurt saparynyň ikinji tapgyrynda, Ysraýylyň prezidenti Şimon Peres bilen duşuşmaga gitdi.

Şeýle-de ol, palestin lideri Mahmut Abbas bilen duşuşmagy planlaşdyrmadygam bolsa, Günbatar kenardaky Ramalla şäherine hem sapar etmeli.

"Haaretz" ABŞ-nyň plany barada

Romniniň sapary Ysraýylyň “Haaretz” gazetiniň prezident Barak Obamanyň milli howpsuzlyk geňeşçisiniň Netanýahuy eýýäm ABŞ-nyň Eýrana hüjüm etmek plany bilen habarly edendigini öňe sürýän makalany çap eden wagtyna gabat geldi.

Gazetiň ýazmagyna görä, eger diplomatik tagallalar Eýrany öz ýadro programmasyny togtatmaga razy etmese, onda oňa garşy güýç ulanylar.

Birleşen Ştatlaryň resmileri entek “Haaretziň” makalasynda aýdylýan zatlara hiç bir düşündiriş bermediler.

Gazet makalasynda ady aýdylmaýan bir amerikan resmisine salgylanyp, Tomos Donilon iýulyň başynda nahar wagty Netenýahua bu plany suratlandyryp berdi diýilýär.

Obama adminstrasiýasy adatça, Ysraýyly ýadro gapma-garşlygyny aradan aýyrmakda diplomatiýa daýanmaga çagyryp, Eýran meselelerinde sabyrlylygy ündeýär.

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Hillari Klinton şu aý Ierusalime saparynda Ysraýyl we Waşington Eýran meselesinde “şol bir sahypada” diýdi.

Şeýle-de ol “Birleşen Ştatlar Eýranyň ýadro ýaragyny edinmeginiň öňüni almak üçin amerikan kuwwatynyň ähli elementlerini ulanar” diýdi.

Eýran öz programmasynyň diňe parhatçylyk maksatlydygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG