Sepleriň elýeterliligi

Hünärini bilýänlere iş bar


Balkan welaýatynyň Hazar şäherçesindäki nebit terminalynda, 2010-njy ýyl.

Balkan welaýatynyň Hazar şäherçesindäki nebit terminalynda, 2010-njy ýyl.

Aşgabatda ýa onuň etegindäki oba-şäherçelerde ýazgysy bolup, daşary ýurt ýokary okuw jaýyny tamamlan ýaşlar ykballaryny ylma baglamagy niýet edinýän bolsalar, Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň “Ýaş alymlar geňeşine” ýüz tutup, işe girip bilerler.

Häzir nanotehnologiýadan, kompýuter programmasyndan kämil baş çykarýan ýaşlaryň ylmy edaralarda diplomsyz işläp ýörenlerem az däl.

Daşary ýurt diplomly ýaşlar önümçilikde işlejek bolsalar, onda ýaşaýan etrabynyň, gowusy welaýatynyň zähmet biržasyna ýüz tutmaly, çünki welaýat zähmet biržasynda şol welaýata degişli her bir etrapda haýsy iş orunlara adam gerekdiginiň anyk maglumaty bar. Halk hojalygynda gurluşyk inženeri, proraby, elektrigi, awtomehanik, gidrotehnik ýaly hünärler boýunça iş orunlaryna zehinli hünärmenleriň ýetmezçilik edýändigini etrap zähmet biržasynyň işgärleri gürrüň berdiler.

Ilki daşary ýurtda alan diplomyny Türkmenistanyň Bilim institutynda döredilen döwlet toparynda tassyklatsa, ýaş hünärmeniň işe ýerleşmegi has aňsatlaşýar.

Ýaş hänärmenler daşary ýurtly ýa hususy firmalarda işlemek isleýän bolsalar, olardan ýazgy soralmaýar. Eger-de daşary ýurt diplomly ýaş hünärmen Aşgabat şäherine ýazgysy bolmazdan ylmy iş etmegi ýüregine düwen bolsa, onda öz bilim alan ugrundan kämil baş çykaran halatynda Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň ylym edaralaryna işe ýerleşip bilýär. Onuň üçin Ylymlar akademiýasynyň “Ýaş alymlar geňeşine” ýüz tutmaly.

Balkan welaýatynyň Hazar şäherçesindäki nebit terminalynda, 2010-njy ýyl.

Balkan welaýatynyň Hazar şäherçesindäki nebit terminalynda, 2010-njy ýyl.

Aşgabat şäherine ýazgysy bolmazdan paýtagtda ylmy iş etmek isleýän ýaş hünärmeniň öz ugrundan kämil baş çykarmagy zerur hasaplanýar. Esasanam arap, pars, iňlis, ýewropa dillerini gowy bilýän ýa nanotehnologiýadan baş çykarýan ýaşlary mümkin boldugyndan ylmy edaralar işe alýarlar ýa-da şeýle ýaşlary öz bilim alan ugurlaryndan önümçilige işe ýerleşdirip, soňra olara dalaşgär hökmünde ylmy iş etdirýärler.

Häzir döwlet derejesinde kadrlar meselesiniň ýiti problemadygy boýun alynýar. Şonuň üçin daşary ýurtda okuwyny tamamlan ýaşlaryňam işe ýerleşmegi üçin oňaýly şert döredi diýip, ynam bilen aýtsa bolar. Daşary ýurtda okuwyny tamamlan ýaşlar köplenç halatda işe ýerleşmek üçin tanyş gözleýärler, emma olar ýurtdaky kanuny ýagdaýa görä, zähmet biržasyna ýüz tutsalar, adama minnetsiz işe ýerleşip bilerler.

Elbetde, ýaşlaryň işe ýerleşmeginde, hatda daşary ýurtda alan diplomlaryny tassyklatmakda ýurtda hereket edýän býurokratik düzgünler bilen bagly päsgelçilikleriň döremegi mümkin. Ýöne şeýle ýagdaýda hem ýaşlar aýgytly hereket etseler, olaryň işe ýerleşip biljegine şübhelenmeýärin.

Döwlet Mäneli türkmen alymynyň, ýerli synçynyň edebi lakamy. Blogdaky maglumatlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG