Sepleriň elýeterliligi

“Batman” filminde ot açana garşy resmi aýyplama bildiriler


ABŞ-nyň günbataryndaky Kolorado ştatynyň prokurorlarynyň Jeýms Holmese garşy adam öldürmek boýunça duşenbe güni resmi taýdan aýyplama bildirmeklerine garaşylýar.

24 ýaşly Holmes 20-nji iýulda Aurora şäheriniň kinoteatrlarynyň birinde “Batman” filminiň görkezilişinde ýaragdan ot açypdy. Şonda 12 adam ölüpdi we 58-si ýaralanypdy.

Şeýle-de Holmesa partlaýjylar bilen baglanşykly hem aýyplamalaryň ýöňkelmegine garaşylýar. Holmesiň öýünde geçirilen barlagda taýyn partlaýjy serişdeler hem tapylypdy.

Resmiler Holmesiň näme sebäpden ot açandygy barada düşündiriş berip-bermändigi barada häzirlikçe hiç zat aýtmadylar.
XS
SM
MD
LG