Sepleriň elýeterliligi

Siriýa: Aleppo şäheriniň kontrollygy ugrunda söweş dowam edýär


Duşenbe güni Siriýada hökümet güýçleri bilen gozgalaňçylar ýurduň iň uly şäherleriniň birinde özara çaknyşdylar.

Hökümet güýçleri harby wertolýotlaryň we uçarlaryň hem gatnaşmagynda gozgalaňçylary Aleppo şäherinden çykarmak ugrunda söweşýärler.

Siriýanyň hökümeti ýekşenbe güni Aleppo şäheriniň Salahhedine etrabyny öz kontrollygyna geçirendigini aýtdy. Oppozisiýa aktiwistleri muny inkär edip, etraby öz gözegçiliginde saklaýandyklaryny öňe sürýärler.
XS
SM
MD
LG