Sepleriň elýeterliligi

Erkin döredijilik – üstünlige alyp barýar


Türkmen şahyry Ak Welsapar (sagda) liberiýaly şahyr Patrisia Jabbeh bilen Londonda geçirilen Halkara Poeziýa Festiwalynda, iýul, 2012.

Türkmen şahyry Ak Welsapar (sagda) liberiýaly şahyr Patrisia Jabbeh bilen Londonda geçirilen Halkara Poeziýa Festiwalynda, iýul, 2012.

Türkmen şahyry Ak Welsapar “Ebedi gümanyň derdi” atly goşgular kitaby üçin 2012-nji ýylda Orsýet Ýazyjylar birleşiginiň Sergeý Ýesenin adyndaky “Altyn güýz” ordenine mynasyp boldy. Ýaňy-ýakynda bolsa ol Londonda geçirilen iň uly Halkara Poeziýa Festiwalyna gatnaşdy. Onuň yzysüre-de türkmen şahyry Şotlandiýadaky tomusky şygyrýet dabarasyna çagyryldy. Azatlyk Radiosyndan Hudaýberdi Hally daşary ýurtlarda ady giňden tanalýan türkmen ýazyjysy we şahyry bilen edebiýat boýunça söhbetdeşlik geçirdi.

H.Hally: Ak Muhammet, sen golaýda iki sany uly poeziýa baýramçylygyna gatnaşdyň. Halkymyzda gowy nakyl bar: “Iýen-içeniň özüňki, gören-eşideniňden habar ber” diýýär.

A.Welsapar: Bu tomusda dünýä boýunça iň uly poeziýa, ýagny şygyrýet baýramçylygy Londonda bolup geçdi. Poetry Parnassus atly bu festiwal 26-njy iýundan 1-nji iýul aralykda dowam etdi. Festiwalyň adyny türkmençä geçirseň, Şygyrýet Parnasy bolýar. Soňra ol ýerden, birnäçe şahyry saýlap, dürli şäherlere iberdiler. Menem Şotlandiýa iberdiler. Men Şotlandiýa gidip, Edinburg hem Glazgo şäherlerinde çykyş etdim.

Türkmen şahyry Ak Welsaparyň goşgusynyň temasyna Şotlandiýada çykarylan poçta otkrytkasy. Bu otkrytkanyň ýüzünde iki dilde goşgy setirleri bar; turkmençesi: “Derman tapylmaz derdime/ Bu ili söýmeý çäräm ýok”.

Türkmen şahyry Ak Welsaparyň goşgusynyň temasyna Şotlandiýada çykarylan poçta otkrytkasy. Bu otkrytkanyň ýüzünde iki dilde goşgy setirleri bar; turkmençesi: “Derman tapylmaz derdime/ Bu ili söýmeý çäräm ýok”.

H.Hally: Elbetde, beýle çakylyk, onda-da toýa çakylyk örän begençli zat. Oňa nähili çagyrýarlar?

A.Welsapar: Eger eserleriň dürli dillerde çap edilen bolsa, adyň halkara derejesinde tanalýan bolsa, aram-aram şeýle çakylyklar gelip durýar. Geçen ýylyň başlarynda şeýle çakylyk geldi: “Poeziýa festiwaly boljak. Şoňa gatnaşmagy teklip edýäs” diýip. Ýöne şoňa gatnaşmaly bolanyňda, öz goşgularyňy iberýäň iňlis dilinde. Onsoňam şolaryň poeziýadan, edebiýatdan berýän soraglary bar. “Näme sebäpden goşgy ýazýaň? Öz poeziýaňda, öz döredijiligiňde nämä ýetmek isleýäň, nämä täsir etmek isleýäň? Mysal üçin, aýdaly, goşgy-gazal bilen dünýäni kämilleşdirmek, gowulaşdyrmak mümkinmi? Ol nähili derejede mümkin?” diýen ýaly soraglar bolýar.

H. Hally: Diýmek, onda taýýarlyk işleri bir ýyl öňünden başlanýar-da?

A.Welsapar: Hawa, bir ýyldanam gowrak öňünden başlanyp, onsoň dürli şahyrlaryň arasynda bäsleşik gidýär. Guramaçylaryň aýdyşyna görä, şol bäsleşigiň netijesinde birnäçe müň şahyrdan, şu ýylky London festiwalyna gatnaşmak üçin dünýä boýunça bary-ýogy 204 şahyr saýlanyp alnypdyr.

H.Hally: Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanda ýa-da dünýäniň dürli künjeklerinde ýaşaýan türkmen şahyrlary gatnaşmak isleseler, olar ilki bilen näme etmeli?

A.Welsapar: Dogrusy, bu taýda hiç hili gizlin syr ýok: eger-de olaryň ady, ýazýan eserleri halkara derejesinde tanalýan bolsa, aram-aram şeýle çakylyklar gelýär. Onsoň mesele nämede? Sen özüňe gyzykly hem öz gatnaşyp biljek festiwallaryň-baýramçylyklaryň birini ýa birnäçesini saýlap alýaň. Şolara öz eserleriňi iberýäň. Soň şol bäsleşige gatnaşýaň.
Londonda geçirilen Halkara Poeziýa Festiwalynda, iýun, 2012.

Londonda geçirilen Halkara Poeziýa Festiwalynda, iýun, 2012.

H.Hally: Poeziýa baýramçylygynyň geçiş etaplaryna dolansak, ol nähili çäreleri öz içine alýar?

A.Welsapar: Festiwala baranymyzdan, ilkinji ädimden onuň guramaçylygynyň ýokary derejededigini görse bolýardy. Sebäbi her şahyryň öňünden, haçan barýanyna garamazdan, taksi çykyp, garşylap, ýaşamaly myhmanhanamyza eltdi. Şol agşam şahyrlaryň özi üçin, açylyş dabarasy boldy. Ertesem şygyrýet baýramçylygy başlandy. Şol baýramçylykda şahyrlar öz goşgularyny okaýar, öz islän dilinde. Men öz goşgularymy türkmen dilinde okadym. Sebäbi türkmen dilinde indi 20 ýyldan bäri öz okyjylarymyzyň öňünde okap bilmämsoň, haýsy ýurda barsam, türkmen dilinde okaýan. Onsoň terjimeçi onuň terjimesini okaýar. Soňra diňleýjiler sorag berýärler. Ol soraglara-da dünýäniň dürli künjeklerinden gelen şahyrlar jogap berýärler. Mundan başga-da, poeziýa baýramçylygynyň dowamynda örän gyzykly çäreler geçirildi. Şygyrýet baýramçylygynyň dowamynda bir agşam biziň goşgularymyz edil Londonyň ortasyndaky ullakan meýdançalaryň birinde asmandan seçildi. Munuň üçin ilki her şahyrdan bir goşgyny alyp, ony zolak gaty kagyza çap edipdirler. Soňam ol goşgulary müňlerçe nusgada ýokardan, dikuçardan märekäň üstünden seçdiler. Ol uçýan sahypajyklar, edil güýz ýapraklary ýaly al-asmandan gaýdyrylyp gelýärkä, adamlar ýaşuly-ýaşkiçi ylgaşyp, biri-birinden öňürti olary tutjak bolýardylar. Soň märekäň içinden şonuň awtoryny gözläp tapsalar, şondan awtograf alyp, haýyş edip goluny çekdirip alýardylar. Ine, şeýle bir gyzykly gurnalypdyr, zadyň çaky däl. Bu birnäçe sagatlap dowam etdi.

H. Hally: Şol dabaralardan, goşgy okaýyşdan başga-da çäreler boldumy?

A.Welsapar: Londonyň aýratyn bir poeziýa kitaphanasy bar ekeni. Şol kitaphana orta asyrlaryň tehnologiýasy esasynda ýörite kagyz taýýarlapdyr. Ol sary kagyz, türkmenler oňa ýüpek kagyz diýýär. Her kime şol kagyzdan berýärler: “Bir goşgyňy öz eliň bilen şu kagyza ýaz” diýip. Onsoň oňa goluňy çekdirip hem ýurduň adyny ýazdyryp, şony gymmatly bir golýazma hökmünde alyp galýarlar. Onuň audio hem wideo ýazgysyny alýarlar. Men şo taýda bir zat diýdim. “Men 20 ýyla golaý wagt bäri emigrasiýada ýaşap ýören adam. Öz ýurduma-da baryp bilemok. Belki-de, ömrümiň daşary ýurtlarda geçmegi ahmal. Şonuň üçinem menden mümkin bolsa birnäçe goşgyny artyk ýazyp alaýsaňyz” diýdim. Olar muňa düşündiler hem “sen bize isläniňçe goşgyňy okap ber, şol ýazgylar onsoň, Londonda muzeýde saklanar” diýdiler. Menem şonda ýedi sany goşgyny okap berdim. Olaram şonuň hemmesini ýazyp alyp galdylar.

Bu postkard Poetry Parnassusyň dowamynda okyjylara ýetirildi, onda Ak Welsaparyň "Şemal agaçlaryň başyn yraýar" goşgusyndan bölek bar we bu otkrytka – Poeziýa Festiwalynyň reklamasy.

Bu postkard Poetry Parnassusyň dowamynda okyjylara ýetirildi, onda Ak Welsaparyň "Şemal agaçlaryň başyn yraýar" goşgusyndan bölek bar we bu otkrytka – Poeziýa Festiwalynyň reklamasy.

H.Hally: Golýazmalaryň gadyr-gymmaty meselesine gelsek, bir wagt beýik rus ýazyjysy Iwan Turgenew Fransiýada işlän döwründe, onuň golýazmalarynyň köp bölegi Parižde galypdyr. Häzir Orsýet ony altyn pul beribem yzyna alyp bilenok. Golýazmanyň şeýle gadyr-gymmaty barada nämeler aýdyp bilersiň?

A.Welsapar: Hudaýberdi, sen örän gowy mysal getirdiň. Sebäbi uly milletler öz taryhyna, öz sungatyna, sungat adamlaryna sarpa goýýan milletler, berkarar döwletler şonuň ýaly baýlyklaryna örän eserdeň garaýarlar. Gymmatly golýazmlar soňra muzeýleriň, abraýly arhiwleriň baýlygyna öwrülýär. Ynha, indi Türkmenistany alsak, biziň ýurdumyzda-da, elbetde, wagt geler – bu zatlar bolar, türkmen halkam hemme zadyň gadyryny bilýän halk. Öz taryhyna, öz sungat adamlaryna sarpa goýup bilýän halk. Ýöne döwletiň parhsyzlygy bilen häzir Türkmenistanda köp zat ýitirildi. Gynansagam, 20-nji asyrda Türkmenistanda şeýle köp ýalňyşlyklar edildi. Şol ýalňyşlyklar, şol bärden gaýtmalar häzirem dowam edýär.
XS
SM
MD
LG