Sepleriň elýeterliligi

Ukraina: parlament dil baradaky dawaly kanuny ýatyrdy


Ukrainanyň parlamenti ors dilini ýurduň resmi dili diýip ykrar edýän ozalky kararyny ýatyrdy.

Duşenbe güni geçirilen ses berlişikde 450 orunlyk Werhownaýa Radanyň 257 deputaty kanunyň ýatyrylmagy boýunça ses berdi. Resmiler gürrüňi gidýän kanuna täzeden garaljakdygyny aýtdylar.

Şeýle-de deputatlar parlamentiň başlygy Wladimir Litwiniň wezipesinden çekilmek baradaky arzasyny ret etdiler. Litwin iýul aýynda dil baradaky kanunyň tassyklanmagyna protest hökmünde wezipesinden çetleşdirilmegini sorapdy.

Iýul aýynda ors diline resmi statusy berýän düzgün parlament tarapyndan ykrar edilipdi, emma ol resmi taýdan kanuna girmändi. Onuň parlamentde tassyklanmagynyň yzy bilen Kiýewde we ýurduň beýleki şäherlerinde muňa garşy köpçülikleýin protestler geçirilipdi.
XS
SM
MD
LG