Sepleriň elýeterliligi

Moskwada “Pussy Riot” toparynyň agzalary sud edilýär


Duşenbe güni Orsýetde aýal-gyzlardan düzülen “Pussy Riot” pank toparynyň üç agzasynyň üstünden sud diňlenşigi başlandy.

24 ýaşly Mariýa Alýohina, 22 ýaşly Nadežda Tolokonnikowa we 29 ýaşly Ýekaterina Samusewiça huligançylykda aýyplama bildirilýär. Olar şu ýylyň mart aýynda Moskwanyň merkezi hristian ybadathanasynyň içinde prezident Putiniň dolandyryşyny ýazgaryjy kinaýaly protest aýdymy bilen çykyş edenlerinde, tussag edilipdiler.

Orsýetiň prokuraturasy olary prawoslaw hristianlaryň duýgusyna “çuňňur ruhy ýara salanlykda” aýyplaýar.

Eger-de olaryň günäsi subut edilse, onda olara 7 ýyla çenli türme tussaglygy berlip bilner.

Adam hukuklaryna gözegçilik edýän “Amnesty International” guramasy “Pussy Riot” pank toparynyň üç agzasynyň adalatsyz sud edilýändigini öňe sürüp, olary “wyždan ýesirleri” diýip yglan etdi.
XS
SM
MD
LG