Sepleriň elýeterliligi

RSF gazak sudunyň žurnaliste çykaran hökümini ýazgardy


Žurnalistleriň hukuklaryny goraýan halkara “Reporters Without Borders” guramasy Gazagystanda suduň žurnaliste jerime salmak baradaky çykaran hökümini ýazgardy.

Lukpan Ahmedýarow Günbatar Gazgystan regionynyň resmisine töhmet ýöňkemekde günäli tapylyp, oňa 20-nji iýulda 5 million teňňe (33 müň dollar) möçberinde jerime salyndy.

“Reporters Without Borders” guramasynyň duşenbe güni ýaýradan beýanatynda suduň bu hökümi bilen “žurnalisti maliýe taýdan gysmak” maksat edilýändigi bellenilýär.

“Uralskaýa nedelýa” gazetiniň habarçysy Ahmedýarowa aprel aýynda hüjüm hem edilipdi. Şonda ony pyçaklap we pnewmatiki ýaragdan atypdylar. Ahmedýarow suduň karary we şol hüjüm syýasy matlaplar bilen edilendigini öňe sürýär.
XS
SM
MD
LG