Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Türkmen atletleri entek medal almadylar


Türkmen metbugaty Saryýewanyň täze şahsy rekord goýup, 400 metr aralygy 5 minut 40,29 sekuntda geçendigini ýazýar.

Türkmen metbugaty Saryýewanyň täze şahsy rekord goýup, 400 metr aralygy 5 minut 40,29 sekuntda geçendigini ýazýar.

27-nji iýulda Londonda açylan tomusky Olimpiada gyzgalaňly dowam edýär. Häzire çenli geçirilen oýunlarda alan medallarynyň sany boýunça Hytaý birinji orny, ABŞ ikinji orny we Italiýa üçünji orny eýeleýär. Bu Olimpiýa oýunlarynda gazagystanly sportsmenler iki altyn medal, özbegistanlylar bolsa bir bürünç medal aldylar.

Londonda geçýän tomusky Olimpiýa oýunlarynyň ikinji güni, 28-nji iýulda, türkmenistanly boksçy, 19 ýaşly Nursähet Pazzyýew 75 kilograma çenli agramda türkiýeli Adem Klyjy bilen bäsleşdi. Ol öz bäsdeşi Klyjyçdan 14-7 hasabynda ýeňildi.

Bu Olimpiadanyň üçünji güni, 29-njy iýulda, türkmenistanly Jennet Saryýewa 400 metr aralyga suwda ýüzmek boýunça ýaryşa gatnaşyp, iň soňky bolup pellehana geldi. Türkmen metbugaty Saryýewanyň täze şahsy rekord goýup, bu aralygy 5 minut 40,29 sekuntda geçendigini ýazýar.

19 ýaşly boksçy Nursähet Pazzyýew (sagda) 75 kilograma çenli agramda türkiýeli Adem Klyjy bilen bäsleşdi.

19 ýaşly boksçy Nursähet Pazzyýew (sagda) 75 kilograma çenli agramda türkiýeli Adem Klyjy bilen bäsleşdi.

Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugynyň žurnalisti Kabul Makeşiň şu gün Londondan beren maglumatyna görä, Londondaky Olimpiada-da gazagystanly we özbegistanly sportsmenler üstünlikli çykyş edýärler: “Merkezi Aziýadan gazagystanly sportsmenler üstünlikli çykyş edýärler. Olar bu Olimpiadada eýýäm iki altyn medal alyp, Merkezi Aziýany dünýä tanadýarlar. Özbegistanlylar hem gowy çykyş edýärler. Emma gyrgyzystanly, täjigistanly we türkmenistanly sportsmenler entek medal almadylar”.

Londondaky tomusky Olimpiýa oýunlarynda Merkezi Aziýadan ilkinji bolup gazagystanly Aleksandr Winokurow tigir sürmekde altyn medal aldy. Şeýle-de gazagystanly ştangaçy zenan Zulfiýa Çinşanlo 29-njy iýulda dünýä rekordyny täzeläp, altyn medal gazandy. Netijede häzir Gazagystanda iki sany altyn medal bar. Emma onuň goňşysy Özbegistanyň bir bürünç medaly bar. Ony dzýudoçy Rişot Sobirow aldy. Ol jemleýji bäsleşikde fransiýaly Sofiýane Milouni ýeňdi.

Britaniýanyň paýtagtynda 27-nji iýuldan 12-nji awgust aralygynda geçýän tomusky Olimpiada Türkmenistandan 23 adamdan ybarat delegasiýa bardy. Şolardan 10-sy bu Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan sportsmenlerdir.

Londonda geçýän tomusky Olimpiýa oýunlaryna Gazagystandan 117, Özbegistandan 54, Täjigistandan 16, Gyrgyzystandan 14 sportsmen gatnaşýar. Olar sportuň dzýudo, boks, suwda ýüzmek, tüpeň atmak, ştanga götermek we beýleki ugurlary boýunça ýaryşlarda çykyş edýärler.

Bu Olimpiýa oýunlarynyň resmi saýtynda berlen maglumatlara görä, häzire çenli alan medallarynyň sany boýunça Hytaý birinji orny, ABŞ ikinji we Italiýa üçünji orny eýeleýär. Bu sanawda Gazagystan 7-nji orunda ýerleşdirildi.

Maglumatlara görä, Londonda geçirilýän tomusky Olimpiýa oýunlarynda altyn medal alan sportsmene Gürjüstan 1 million 200 müň, Azerbaýjan 510 müň, Gazagystan 250 müň, Gyrgyzystan 200 müň, Orsýet 125 müň we Tajigistan 63 müň amerikan dollaryny bermegi wada edipdir.

2008-nji ýylda Pekinde geçirilen tomusky Olimpiýa oýunlaryna Türkmenistandan 10 sportsmen gatnaşypdy. Emma olar hiç hili medal alyp bilmändiler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG