Sepleriň elýeterliligi

Milliarderler ofşorda $21 trillion gizleýär


Ofşor zonasynda 21 trillion dollaryň ýaşrylyp saklanýandygy aýdylýar.

Ofşor zonasynda 21 trillion dollaryň ýaşrylyp saklanýandygy aýdylýar.

Käbir ýurtlarda girizilen salgyt düzgünleri az sanly juda baý adamlaryň özleriniň 21 trillion dollaryny ofşor banklarynda gizlemegine getirdi. Bu barada “Ofşoryň bahasyna gaýtadan seredildi” atly täze hasabatda aýdylýar.

Hasabatda ýaşyrylan puluň möçberi ABŞ-nyň we Ýaponiýanyň bilelikdäki aýlanyşykdaky içerki önüminiň mukdarynyň gymmatyndan hem köpdügi nygtalýar. Gürrüňi gidýän bu barlag Britaniýanyň parlament palatasynyň başda durmagynda döredilen garaşsyz “Tax Justice Network”, ýagny “Adalatly salgyt ulgamy” guramasy tarapyndan geçirildi.

Azatlyk Radiosy hasabatyň awtorlarynyň biri, halkara dolandyryş konsultasiýalaryny berýän “McKinsey and Company” firmasynyň ozalky ykdysadyýetçisi Jeýms Henri bilen söhbetdeş bolup, täze hasabat barada gürrüň etdi.

Azatlyk Radiosy: Siz hasabatyňyzda ofşor zonasynda 21 trillion dollaryň ýaşrylyp saklanýandygyny öňe sürýärsiňiz. Siziň bu barlaglaryňyz näderejede ygtybarly?

Jeýms Henri: Aý, bu kosmosdaky gara boşluklaryň ululygyny ölçän ýaly bir zat. Bu ugurda henize çenli hiç hili resmi statistik maglumat çap bolmandy. Ýöne, meniň pikirimçe, biziň geçiren barlaglarymyz azda-kände bu ugurdaky ýagdaýy suratlandyran bolsa gerek. Maglumatymyza görä, bu görkeziji 2010-njy ýylyň ahyryna 21 trilliondan 32 trillion dollar aralygynda boldy. Bu hem käbir adamlaryň ofşor zonasynda saklaýan pul serişdeleri.

Azatlyk Radiosy: Siziň pikiriňizçe, bu pullaryň näçesi salgytdan kanuny ýol bilen gaçyrylyp saklandy, näçesi-de bikanun?

Jeýms Henri: Aý, meniň pikirimçe, bularyň diňe 10% çemesi salgyt töleýän bolsa gerek. Belki, bilýänsiňizem, Britaniýanyň ozalky kabinet ministri Denis Healeýiň aýdan bir sözi bar “boýun gaçyrmak bilen sypmagyň arasyndaky tapawut türmedäki diwarlaryň galyňlygy bilen ölçelýär”.

Bir mysaly alyp göreliň, Meksikanyň baý bir tütjary öz pul serişdelerini ABŞ-nyň banklarynda saklaýar. Onuň bu pul serişdeleri barada Meksikadaky resmilere maglumat berip-bermezligi şol adamyň diňe özüne bagly. Meniň pikirimçe, şol tütjar baý adamlar öz ýurdundaky salgyt resmilerine baryp: “biziň ähli girdejilerimiz daşary ýurtlarda, ýöne biz olaryň, belki-de, diňe 10%-i barada maglumat berýändiris” diýýändirler öýdemok.

Azatlyk Radiosy: Orsýetdäki ýagdaýlar barada näme aýdyp bilersiňiz?

Jeýms Henri: Orsýet maliýe serişdeleriniň ýurtdan daşary çykarylmagy boýunça esasy ýurtlaryň biri. Muňa göz ýetirmek üçin, diňe biziň berýän sanlarymyza hem esaslanmak hökman däl. Munuň üçin Londondaky hasaba alnan ors şahslaryna göz aýlaýmaly. Olar Britaniýa salgyt tölänoklar, olaryň Orsýetde hem näçe salgyt töleýändigini anyk aýdyp bilemzok. Ýöne munuň üstüni açmak diýseň täsirli bolardy. Orsýetden daşyna çykarylýan maliýe serişdeleriniň hetdi-hasaby ýok. Bularyň käbir mukdary soňundan ofşor zonasyndan, Orsýete inwestisiýa hökmünde ýatyryldy. Şeýlelik-de bularyň näçe mukdarynyň daşardadygyny, näçesiniň hem ýurduň içine täzeden getirlendigini anyk aýtmak kyn. Munuň üçin Orsýetiň ykdysadyýetinde bolup geçýän zatlara üns bermeli. Ýöne biziň pikirimizçe, nähili hem bolsa, bu pullaryň köpüsi daşary ýurtlarda saklanýar. Eger-de belläp geçmeli bolsa, Hytaýda hem şular ýaly ýagdaýlara şaýat bolmak mümkin. Çykarylan pul serişdeleriniň umumy möçberi boýunça Hytaý birinji ýurt. Ýöne biziň çakymyza görä, bu pullaryň köp bölegi Hytaýa sermaýa görnüşinde ýatyryldy. Emma bular eýýäm daşary ýurtda hasaba alnan kompaniýalaryň üsti bilen edildi.

Ýene Orsýet barada aýdylanda, olaryň ofşor zonasynda pul serişdelerini saklaýandygy belli. Indi olar munuň bilen näme etmelidigi barada bir netijä gelmeli. Belki-de, Orsýet beýleki döwletler bilen habarlaşyp, ol ýerdäki pullara salgyt salmagyň ýollaryny tapyp bilerdi. Belki, olar daşary ýurtdaky serişdeler üçin, her ýylda 0.5% minimal salgyt girizip bilerdiler. Bu gizlin saklanylýan pul serişdelerine girizilen salgyt bolardy.

Azatlyk Radiosy: Ofşor zonasynda munça möçberde pul serişdeleriniň bolmagy nämäni aňladýar?

Jeýms Henri: Birinjiden, uly möçberdäki girdejiler çetde galýar. Göz öňüne getiriň, eger-de gürrüňini edýän pul serişdelerimiz öz ýurtlarynda saklanyp, olardan salgyt alnan bolsa, onda biziň gürrüňini edýän 139 döwletimiziň salgyt gulluklaryna 300 milliard dollar goşmaça serişde gelerdi. Maliýe serişdeleriň daşyna çykarylmagy, elbetde, şol ýurtlarda girdeji deňsizligini hem döredýär. Garaz, sanlardan çen tutulsa, 10 milliona golaý adam dünýäniň maliýe serişdeleriniň üçden bir bölegini ofşorlarda saklaýar. Bu juda uly san.

Azatlyk Radiosy: Munuň dünýä ykdysadyýetine nähili täsiri bar?

Jeýms Henri: Biziň pikirimizçe, baý maýadarlar özleriniň gizlin saklaýan serişdeleri bilen meselä juda konserwatiw bir görnüşde çemeleşýärler. Ýagny, olar maliýe serişdelerini sermaýa hökmünde ýurda täzeden getirseler, olaryň käbir ýeňillekleri gazanmaklary hem mümkin.

Ýöne şol bir wagtyň özünde käbir baý adamlar pullaryny geljek üçin saklaýarlar. Olar özleriniň guran şahsy bank ulgamlaryny ulanyp, salgytlardan boýun gaçyrýarlar. Bularyň hemmesi hem ofşor zonasynda 21 trillion dollaryň gizlin saklanmagyna we bazarlaryň oňaýsyz bir ýagdaýda işlemegine getirýär.

Azatlyk Radiosy: Pullaryny ofşorlarda saklaýan bu baý adamlar barada birneme maglumat berip bilersiňizmi?

Jeýms Henri: Biziň çakymyza görä, bu taýda 50-100 aralygynda multi-milliarderleriň bolmagy mümkin. Olaryň her biriniň pul serişdeleri 10 milliard dollardan geçýär. Dünýäde 2500-3000 aralygynda milliarder bar diýip çaklaýarys. Dünýä boýunça 1 milliony bolan adamlaryň sany 10 milliondan geçmeýärmikä diýip çaklaýarys. Bularyň ählisini sana geçirenimizde, dünýäniň baýlygynyň üçden biri adamlaryň 0.1%-niň, ýagny şol 10 millionyň elinde saklanýar. Garaz, beýleki görkezijileri hem jemläp alsak, onda dünýäniň maliýe serişdeleriniň 60%-i dünýäniň ilatynyň 1%-i tarapyndan dolandyrylýar.
XS
SM
MD
LG