Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýada hökümetiň Aleppo basyşy dowam edýär


Alepponyň ýaşaýjylary şäheri terk edýärler, 26-njy iýul.
Alepponyň ýaşaýjylary şäheri terk edýärler, 26-njy iýul.
Hepdäniň duşenbe güni Siriýanyň iň uly şäheri Aleppoda (Halapda) hökümet güýçleriniň we gozgalaňçylaryň arasyndaky söweşler dowam etdirildi.

Hökümet güýçleri harby dikuçarlary we harby uçarlary ulanmak arkaly geçen hepdede Alepponyň çen bilen ýarpysyny eýelän gozgalaňçylary gysyp çykarmaga synanyşdylar.

Hepdäniň ýekşenbe güni agşam Siriýanyň hökümeti Alepponyň Salahhedin etrabyny, režimiň öz sözi bilen aýdylanda, “terrorçylardan” arassalanlygyny yglan etdi.

Oppozisiýanyň aktiwistleri hökümetiň aýdanlaryny ret edip, oppozision güýçleriň etraba gözegçilik edýändiklerini we hökümetiň güýçlerine zeper ýetirýändiklerini aýtdylar.

“Frans Press” agentliginiň žurnalistiniň Aleppo golaý ýerden beren maglumatyna görä, 10 sagatlap dowam eden söweşlerden soň gozgalaňçylar şäheriň golaýyndaky barlag-geçiş nokadyny eýeläpdirler. Aleppo bilen Türkiýäniň serhediniň arasyndaky ýolda ýerleşýän bu barlag-geçiş nokady strategiýa taýdan ähmiýetli hasaplanýar.

Şeýle-de, žurnalistiň sözlerine görä, hepdäniň duşenbe güni irden gozgalaňçylar 7 sany tanky we polatlanan maşyny ele salypdyrlar, sekizinji harby maşyny ýok edipdirler.

“Gumanitar betbagtçylyk”

BMG-niň berýän maglumatyna görä, Alepponyň ýaşaýjylaryndan 200 müňe golaýy söweşleriň barýan ýerinden gaçyp gutulypdyrlar.

BMG Aleppoda gumanitar betbagtçylygyň başlanýanlygyny duýdurdy we göreşýän taraplary şäherde parahat ilatyň hukuklaryny berjaý etmäge çagyrdy.

Hepdäniň ýekşenbe güni ABŞ-nyň goranmak ministri Leon Panetta Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň režimini ýene tankytlady. Ol Assady Aleppoda parahat ilata garşy “düzgünsiz zorlugy” ulanmakda aýyplady. Režimiň öz halkyna garşy edýän zorlugy netijesinde “Assadyň tabydyna çüý kakylýar” diýip, Panetta belledi.

Fransiýanyň daşary işler ministri Lorent Fabiusyň hepdäniň duşenbe güni aýtmagyna görä, Fransiýa awgust aýynda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşine ýolbaşçy wezipesine geçensoň, Siriýadaky gan döküşiklik bilen baglylykda Howpsuzlyk Geňeşiniň daşary işler ministrleri derejesinde gyssagly duşuşygyň geçirilmegini talap etmekçi.

Siriýanyň iň köp ilatly şäheri bolan Aleppoda, 2011-nji ýylda konflikt başlanmanka, 2 milliondan gowrak adam ýaşaýardy.
XS
SM
MD
LG