Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Olimpiýa petekleri täzeden satylyşa çykarylýar


Olimpiýa oýunlarynyň nyşany
Olimpiýa oýunlarynyň nyşany

Londonyň gurnaýjy komiteti satylmagyna garaşylmaýan olimpiýa peteklerini yzyna toplap, käbir oýunlarda boş duran ýerleri doldurmak üçin olary täzeden satyşa çykarjakdygyny mälim etdi.

Londonyň gurnaýjy komitetiniň metbugat wekili Jakie Brok-Doýle üç müňe golaý petegiň toplanyp, internet arkaly olaryň ählisiniň duşenbe güni satylyp gutarlandygyny mälim etdi. Jakie Brok-Doýleniň bellemegine görä, bu hödürlenýän petekleri diňe britan raýatlary satyn alyp bilýärler.

Köp ýaryşlara ähli petekleriň eýýämden satyn alynmagyna garamazdan, käbir oýunlarda boş ýerleri görmek bolýardy. Bu öz gezeginde ýaryşy gurnaýjylaryň nägileligini döretdi. Resmiler gelmeli sport resmileriniň we mediýa wekilleriniň ýaryşlara gatnaşman, ýerleri boş goýandyklaryny öňe sürdüler.

Olimpiýa oýunlarynda diňe bir boş ýerler barada gürrüň edilmän, eýsem käbir sportsmenleriň doping ulanýandygy baradaky aýyplamalar hem üns merkezinde boldy.

Doping meselesi

16 ýaşly ukyply ýüzüji, hytaýly sportsmen Ýe Şiweniň doping ulanýan bolmagynyň mümkindigi barada gep-gürrüňler peýda boldy. Şenbe güni aýallaryň arasynda 400 metr aralyga çenli ýüzmek ýaryşynda Ýe özüniň ähli garşydaşlaryndan üstün çykmagy başarypdy.

Mundan soň britan habar serişdeleri 1980-nji we 1990-njy ýyllardaky hytaýly sportsmenler bilen bagly doping dawalaryny ýatlap, Ýeniň üstüne hüjüm etdiler.

Ýene bildirilen aýyplamalaryň ählisi esassyz bolup çykdy.

Halkara Olimpiýa Komitetiniň medisina boýunça başlygy Arne Lýungkwist bu mesele barada Londonda geçirilen metbugat konferensiýasynyň dowamynda çykyş etdi.

Ol: “Elbetde, biz belli bir sebäplere esaslanyp anyk sportsmenleri we toparlary nazarymyzda saklaýarys. Şol bir wagtyň özünde, eger-de bir atlet ynamly bir görnüşde ýeňiş gazansa, onda bu onuň hökmany ýagdaýda hilegärlik edendigini aňlatmaýar. Hiç bir gürrüňsiz sport bu töwekgelçilikdir. Eger-de garaşylmadyk ýeňşiň daşyny şübheler gurşap alsa, onda bu ýaryşmanyň ähli lezzetini bozýar” diýdi.

Bu aralykda, ýekşenbe güni özbek sportsmeni Luiza Galiulina doping testden geçip bilmedi. Geçirilen barlaglaryň netijesinde, Galiulinadan ulanylmagy gadagan edilen maddalar tapylypdy. Munuň netijesinde ol oýunlardan çetleşdirildi.
XS
SM
MD
LG