Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň derňew ketdesiniň başy gowgada


Orsýetiň Derňew komitetiniň başlygy Aleksandr Bastrykin
Orsýetiň Derňew komitetiniň başlygy Aleksandr Bastrykin
Orsýetiň Derňew komitetiniň başlygy Aleksandr Bastrykin şu tomsy erbet geçirýän bolmaly.

Bastrykin şu aýyň dowamynda eýýäm ikinji dawa bilen ýüzbe-ýüz boldy. Korrupsiýa garşy göreş alyp barýan blogger Alekseý Nawalnyý onuň Çehiýadaky gozgalmaýan emläkler boýunça kompaniýasyna degişli dokumentleri Twitter arkaly ýaýratdy.

Bu ýerde täzelik ýok. Bu habary Döwlet Dumasynyň deputaty we derňewçi žurnalist Aleksandr Hinşteýn, 2008-nji ýylda Bastrykiniň syýasy taýdan täsirli wezipä bellenenmeginden kän wagt geçmänkä, ilkinji bolup ýaýradypdy.

Bastrykin aýdylýanlary inkär edipdi, emma geçen hepde Nawalnyý Çehiýanyň Adalat ministrligine degişli dokumentleri öz bloglarynda we #АгентБастрыкин tagy bilen Twitterde ýaýradyp başlandan soň, Bastrykin dymmaly boldy.

Aýdylmagyna görä, geçen hepdeki masgaraçylykdan öň, Bastrykin “Nowaýa gazeta” neşiriniň redaktorynyň orunbasary Sergeý Sokolowy Moskwanyň etegindäki tokaýlyga äkidip, ony öldürmek bilen haýbat atypdyr. Onuň ýazýan makalalary Bastrykiniň göwnünden turmadyk bolara çemeli.

Emma häzir Bastrykiniň dawaly tomsunyň iň gyzykly tarapy wakalaryň jikme-jikleri däl-de, eýsem bulary kimleriň efire berýänligi we olaryň arkasynda kimleriň duranlygydyr.

Orsýetde güýçli şahsyýetiň kemsidilmegi adaty bir ýagdaý ýa tötänlik däl. Şeýle waka ýüze çykaýan ýagaýynda bolsa, gürrüňi edilýän güýçli adamyň garşysynda edil özi ýaly güýçli adam bar diýmekdir.

Onda Bastrykini kim iş edinýär? Näme üçin?

Bu wakalary halk köpçüligine ýetirmekde Hinşteýn möhüm rol oýnady. Sokolowyň tokaýa äkidilmegi baradaky waka ýüze çykanda, Hinşteýn bu habary aldygyna Twitterde agzady, hatda Dumada derňewlere çagyrdy.

Elbetde, Çehiýadaky emläk wakasynyň üstüni Hinşteýn açypdy, geçen hepde bolsa bu habary Twittere täzeden oklady.

Hinşteýn adaty bir derňewçi žurnalist däl. Media habarlaryna görä, ol howpsuzlyk gulluklary bilen, esasan hem Federal Howpsuzlyk Gullugy (FSB) bilen ýakyn gatnaşyk saklaýar. Onuň makalalary bolsa köplenç halatda nyşana alynýan adamlara hüjüm etmek üçin uçgun hökmünde ulanylýar.

Ençeme ýyllaryň dowamynda ol öňki içeri işler ministri Wladimir Ruşaýlo we öňki premýer-ministr Mihail Kasýanow ýaly ençeme resmileriň yzyna düşdi.

Bastrykin Wladimir Putiniň kursdaşydyr, şeýle hem “Rosneft” kompaniýasynyň başlygy we ýakasy gaýyşly silowik Igor Seçiniň dostudygy aýdylýar. Emma Bastrykiniň güýçli dostlary bar hem bolsa, görnüşe görä, güýçli duşmanlary hem az däl.

Bastrykiniň Baş prokuror Ýuriý Çaýka bilen hem arasynyň gowy däldigi barada maglumatlar bar.

Elbetde, silowikleriň toparyna degişli Hinşteýn bilen oppozision şahsyýet Nawalnynyň geçen hepde bir hörpden gopuşlary ýaly, syýasatda kämahal geň-taň zatlar hem bolup geçýär.

Emma Hinşteýn 30-njy iýulda ors mediasyna beren interwýusynda korrupsiýa garşy göreşýän blogger bilen şepe däldigini aýtdy.

“Onda-da duşmanynyň duşmany dostum däldir” diýip, Hinşteýn nygtady.
XS
SM
MD
LG