Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

MTS Türkmenistany internet bilen üpjün etmegi wada berýär


MTS Türkmenistandaky işini 2010-njy ýylyň dekabr aýynda togtadypdy.
MTS Türkmenistandaky işini 2010-njy ýylyň dekabr aýynda togtadypdy.
26-njy iýulda Orsýetiň MTS kompaniýasy Türkmenistanda öz işini dikeldýänligini yglan etdi. Ol Türkmenistanda internet üpjünçiligini ösdürmegi hem göz öňünde tutýanlygyny aýdýar.

MTS-iň resmi wekili Ýelena Kohanowskaýanyň sözlerine görä, MTS-iň türkmen hökümetinden alan lisenziýasy ilaty internet bilen kadaly üpjün etmäge doly mümkinçilik berýär.

“Biziň 3G lisenziýamyz bar. Bu lisenziýa, biziň amala aşyran işlerimiz we häzir görýän taýýarlyklarymyz internetden erkin peýdalanmaga mümkinçilik berer” diýip, Kohanowskaýa Azatlyk Radiosyna aýtdy.

MTS-iň wekili internet aragatnaşygyny teklip edýän tarif planlarynyň birnäçesiniň göz öňünde tutulýanlygyny aýtdy, emma internetiň çaltlygyny we hyzmatlaryň bahasyny takyklamady.

“Başga päsgelçilikler”

MTS-iň jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk bölüminiň ýolbaşçysy Ýelena Kohanowskaýa internet elýeterliliginiň tehniki üpjünçiligine gezek gelende, ýerine ýetiriljegini belledi: “Başga päsgelçilikler bolmasa, internetden peýdalanmak üçin tehniki taýdan mümkinçilikler hödürlener”.

Türkmenistandaky internet ulanyjylar internetiň tehniki taýdan hiliniň pesligi bilen bilelikde ençeme saýtlaryň internet sahypasynyň açylmaýanlygyny habar berýärler. Şol bir wagtda-da Türkmenstanyň resmileri ýurtda internetiň çäklendirilmeýänligini aýdýarlar.

MTS-iň Türkmenistanda işlän döwründe käbir ýerli žurnalistleriň mobil telefonlary sebäbi düşündirilmezden ençeme sapar kesilipdi, olar täze nomerleri yzygiderli satyn almaly bolupdylar.

MTS-iň müşderileriniň aragatnaşyk hyzmatlaryndan peýdalanmak mümkinçilikleriniň çäklendirilmegi babatynda kompaniýanyň öz içerki düzgünlerinde näme diýilýänligini MTS-iň özünden anyklap bolmady.

MTS-iň wekilleri kompaniýanyň türkmen hökümeti bilen ylalaşygynda mobil telefonlary kesmek ýa internet saýtlary böwetlemek meselesiniň gozgalyp-gozgalmanlygy barada anyk bir zat aýtmakdan saklandylar. MTS-iň metbugat wekili Waleriýa Kuzmenko Azatlyk Radiosyna kompaniýanyň Türkmenistanyň giňişligindäki işiniň türkmen kanunlaryna laýyklykda alnyp baryljagyny aýtdy.

Emma şu aýyň başynda ÝHHG-niň Aşgabatda geçiren media forumynda Türkmenistanyň Mejlisiniň ylym, bilim we medeniýet boýunça komitetiniň başlygy Wladimir Gubanow Türkmenistanda internetiň işlerini sazlaşdyrýan kanunyň entek ýokdugyny boýun alypdy.

2.600.000 müşderi

MTS Türkmenistandaky işini 2010-njy ýylyň dekabr aýynda togtadypdy. Türkmen hökümeti kompaniýanyň lisenziýasynyň möhletiniň dolanlygyny aýdyp, ony uzaltmakdan boýun gaçyrypdy.

Şonda iki ýarym million abonentiniň bardygyny aýdan MTS türkmen tarapyny özara ylalaşyklary bozmakda aýyplap, dawalara garaýan halkara edarasyna ýüz tutupdy.

26-njy iýulda MTS Türkmenistanda öz işine täzeden başlaýanlygyny resmi derejede yglan etdi we Türkmenistan bilen gelnen ylalaşyga laýyklykda, taraplaryň özara şikaýatlaryndan el çekýändiklerini habar berdi.

Häzire çenli Türkmenistanyň resmi maglumatlarynda MTS-iň Türkmenistanda gaýtadan işläp başlamagyna degişli meseleler gozgalanok.

Häzirki wagtda Türkmenistanda aragatnaşyk hyzmatlary “Türkmentelekom” döwlet konserni we “Altyn Asyr” operatory tarapyndan amala aşyrylýar. Türkmen habar serişdeleri, hususan-da, “Altyn Asyr” operatorynyň müşderileriniň sanynyň iýun aýynda 2 million 600 müňe ýetenligini habar berdiler.
XS
SM
MD
LG