Sepleriň elýeterliligi

Timoşenkonyň salgyt galplyklary boýunça işi ýene yza süýşürildi


Ukrainada sud ýurduň ozalky premýer-ministri Ýuliýa Timoşenkonyň salgyt galplyklary bilen bagly diňlenşigini ýene-de gaýra süýşürdi.

Häzir Timoşenko başga bir bildirilen aýyplama boýunça türme tussaglygynda saklanylýar. Timoşenka wezipe ygtyýarlyklaryndan hyýanaçylykly peýdalandy diýen aýyplama boýunça ýedi ýyl kesilipdi.

Timoşenko özüniň ýaramaz saglyk ýagdaýyna salgylanyp, suduň gaýra çekilmegini haýyş etdi. Prokurorlar Timoşenkonyň wideo şekilli konferensiýa arkaly suda gatnaşyp biljekdigini öňe sürdüler. Timoşenkonyň aklawçylary bu teklibi berk görnüşde ret etdiler.

Sudýa Konstantin Sadiwskiý bu meselä garamak üçin wagtyň gerekdigini aýdyp, indiki diňlenşigi 14-nji awgusta geçirdi. Bu sud diňlenşiginiň eýýäm ikinji gezek yza süýşürilmegidir.

Timoşenko 1990-njy ýyllarda hususy energiýa kompaniýasyna ýolbaşçylyk eden döwri salgytdan millionlap dollar gizlänliginde aýyplanýar.
XS
SM
MD
LG